Aşgabat: 'Aksa' metjidi ýumruldy

“Ýolöten” köçesiniň 57-nji jaýynda ýerleşen bu metjit mundan 23 ýyl ozal ýerli ýaşaýjylaryň öz güýjüne, öz hasabyna gurlupdy.

Bu metjit il içinde "Nohurlaryň metjidi" diýibem tanalýardy.

Metjit giň howluda ýerleşýärdi we onda 100-e golaý adamynyň namaza durmak mümkinçiligi bardy.

Geçen hepde hökümetiň agyr tehnikasy gelip, “Aksa” metjidini bir ýan çetinden ýumrup başlady.

1990-njy ýyllaryň başynda “Aksa” metjidiniň gurluşygyna gatnaşan ýerli ýaşuly Ýolaman aganyň aýtmagyna görä, bu metijidi ýykmak üçin häkimiýetler onuň aslynda “bikanun gurlandygyny” tutaryk edinipdirler.

Häzir metjidiň duran ýerini weýran edilen binanyň gurluşyk dargap ýatan materiallaryndan arassalamak işleri alnyp barylýar. 

Bu ýerdäki işçileriň aýtmagyna görä, metjidiň 25 metrlik beýik minarasyny sökmegi kyn görüp, onuň düýbüni buldozer bilen gazyp, ýykmak kararyna gelnipdir.