Ymambabanyň demirýol stansiýasy

Bu demirýol stansiýasy Mary welaýatynyň Ymambaba obasynyň çäklerinde ýerlerşýär. Ymambaba stansiýasynyň esasy binasynyň geçen asyryň ortalaryna gurlandygy aýdylýar. Ýerli ýaşaýjylar şondan bäri bu binanyň diňe daşynda timarlaýyş, abatlaýyş işleriniň geçirilýändigini aýdýarlar.

Bu ýerden geçýän demirýoluň iki tarapynda hem oba ilatynyň ýaşaýandygy habar berilýär.

Emma muňa garamazdan, bu ýerde pyýadalaryň geçmegi üçin niýetlenen ýörite geçelgeleriň ýokdugy aýdylýar.

Ymambaba stansiýasynyň golaýynda goparlan demirýol relslerini hem-de beýleki enjamlary görse bolýar. Ýerli ýaşaýjylar stansiýanyň golaýyndaky beýleki demirýol stansiýalary ýapylandan soň, ondan galan demir galyndylarynyň bu ýere zyňylandygyny aýdýarlar.

Geçen asyrda Ymambaba stansiýasynyň golaýynda gurlan uly diň. Bişen kerpiçden gurlan bu diňe il içinde "suw başniýasy" hem diýilýär. Ulanyşdan galan bu diňiň demirýol stansiýasynyň simwolyna öwrülendigini käbir ýaşaýjylar belleýärler.

"Ymambaba stansiýasynyň golaýyndaky sökülen demirýol stansiýasynyň galyndylary.