Türkmenistanyň Mary bilen Serhetabat etrabynyň arasyndaky demirýol gatnawynyň ýaramazlygy, otlynyň wagtynda gelmeýän halatlaryna ýygy-ýygydan duş gelse bolýandygy habar berilýär.
Şol bir wagtda käbir ýolagçylaryň otla bilet tapyp bilmän, otlynyň koridorlarynda sapar etmeli bolýandygy aýdylýar. Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynyň Ýeňiş daýhan birleşiginden özüni Agajuma diýip tanyşdyran ýaşaýjy bu ýagdaýyň eýýäm 10 ýyl çemesi wagt bäri dowam edýändigini aýdýar.
Ol bu barada Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa gürrüň berdi.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
“Otla bilet almagam, onda sapar etmegem kösençlik”