Mary: Balyk satýan zenanlar
Saryýazy suw howdany Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynyň Saryýazy obasynyň golaýynda ýerleşýär.
Bir tarapyny çöllük, beýleki tarapyny suw howdany tutýandygy aýdylýan bu obanyň ýaşaýjylarynyň gün-güzeranlarynyň ýeňil däldigi habar berilýär.
Käbir ýaşaýjylar obada işsizligiň ýiti duýulýandygy sebäpli, suw howdanyndan tutulan balyklary satyp eklenç edýändigini aýdýarlar.
Saryýazy obasynyň erkek adamlary balyk tutsa, zenanlaryň şol balyklary satmak bilen meşgullanýandygy aýdylýar. Balygyň käbiriniň 1 kg 10 manat bolsa, käbirleri 15 manada deň.
Mary-Serhetabat aralygyna gatnaýan ýolagçylaryň käbirleri bu ýerde saklanyp balyk satyn alýarlar.
Balyk satýan zenanlar müşderilerine balygy arassalap bermegi hem ýola goýupdyrlar. Balyk çekilip, puly tölenen dessine, satyjylar ellerini çermäp, satan balyklarny arassalamaga girişýärler.
Satyjy zenanlar balykdan galan hapa-hupalary arassalaýarlar.