Sadalyk täjiniň eýesi

Kagyz we syýa çüýşesi.

Üstümizdäki ýylda Merkezi Aziýanyň edebi mirasyna uly goşant goşan, beýik akyldar Sopy Allaýaryň dünýä inenine 400 ýyl dolýar.

Nesil şejeresi

Türkmen ensiklopediýasynyň 8-nji tomunyň 143-nji sahypasynda Sopy Allaýaryň 1616-njy ýylda, Samarkandyň Akderýa etrabyndaky Müňler obasynda, Allaguly atly türkmeniň maşgalasynda doglandygy aýdylýar.

Sopy Allaýar barada «Risaleýi Aziza» atly meşhur kitap ýazan tatar alymy hem aň-bilim ýaýradyjy Täjeddin Ýalçagyl onuň nogaý halkyndan bolandygyny öňe sürýär. Ol öz risalasyny Sopy Allaýar ýogalandan, takmynan ýüz ýyl soňra ýazyp gutarypdyr.

Akyldaryň aradan çykan senesi barada hem iki dürli maglumat bar. Olaryň biri 1706-njy ýyly görkezse, beýlekisinde 1720-nji ýyl diýilýär.

Başga-da bir geň maglumat bar. Ol togsan ýaşynyň içinde, 7-nji hijri-kamary aýynyň, ýagny şu üstümizdäki Rejep aýynyň 29-njy güni ýogalypdyr. Şu juma, 6-njy maý şol güne gabat gelýär.

Durmuşy hem hyzmaty

Sopy Allaýar öz ömründe iki durmuşy başdan geçiripdir. Owal başda, ýigitlik döwründe aşa gazaply hem zalym bolupdyr. Soňra törelik derejesinden el çekip, ýüregindäki nebis belasyny hem tekepbirligi ýeňip, ejizler hem sadalar hatarynda ýaşapdyr. Ol aşa pes göwünli, ak ýürekli hem paýhasly ynsan bolupdyr.

Sopy Allaýaryň eserleri türki dilli halklaryň XXV 11 asyrdaky medeni hem edebi mirasy saýylýar. Öz eserlerini türkmençe, özbekçe, köplenjem pars dilinde ýazypdyr. Türkmen sowet ensiklopediýasy şeýle ýazýar.

,,S. A. dürli goşgy formasynda ýazylan diwanlaryň, «Myradyl aryfyn – Bilimdarlaryň myrady», «Sebatul ajyzyn – Ejizleriň mäkämligi», «Tehfetil talybyn – Talyplaryň sowgady», «Syfatyl ajyzyn – Ejizleriň sypaty», «Meslekil muttakyn – Bilesigeljileriň ynanjy», «Pöwsün nejat – Gutulmagyň çäresi» ýaly ençeme mesnewileriň (poemalaryň) awtorydyr. S. A-yň dürli dillerde ýazylan, dürli möçberdäki eserleri TSSR YA-nyň golýazmalar fondunda saklanýar. Olaryň köpüsi golýazma hem daşbasma görnüşindedir.” (8 tom, 144-sah.)

Ejizleriň kalby

Ol ejizleriň ýüregine ýagtylyk hem umyt beriji eserler döredipdir. Aýratyn-da, «Sebatul ajyzyn – Ejizleriň mäkämligi» eseri köp okalypdyr. Sopy Allaýaryň pikirlerine düşünmekde tatar alymy Täjeddin Ýalçagylyň «Risaleýi Aziza» atly kitaby gowy gollanma bolupdyr. Yalçagyl özi barada: “Men az azykly, köp ýazykly gedaý halkyň alymy boldum” diýer ekeni. Onuň: “Kime akyl berilse, baýlyk haram bolar”, “Ylym nurdur, oňa arassa girişmeli” diýen sözleri-de mydama ýatlanýar.

Sopy Allaýar kiçi göwünliligi hem sada pikirli ynsany aň-bilime çagyrypdyr. Ol dünýäde ýaradylan her bir närse barada pikir etmegi, onuň manysyna düşünmegi ündäpdir.

Ol islendik agyr şertde, kynçylyklarda adam ruhunyň ölmeli däldigini, diriligiň hem ýaşaýşyň syrlaryna akyl ýetirmegi öňe sürüpdir.

Bu belli günde şahyryň ,,Sebatul ajyzyn” kitabyndan bir eser getirýäris. Şahyr ony seljuk soltany Alp Arslan zamanynda Hyratda ýaşap geçen beýik akyldar Abdylla ibn Muhammet Ensara bagyşlapdyr.

76. Hekaýat Abdylla Ensary

1452 Gul satyn aldy Abdylla Ensar,

Diýdi: Eý, gul adyňy eýle äşgär.

Diýdi: Eý, hoja, sen goýsaň haýsy at,

Meniň adym şoldur, eý, ýagşy zat.

Diýdi: Eý, gul, söýersen haýsy hörek?

Diýdi: Senden ne ýetse, ýagşydyr, eý, päk.

Diýdi: Haýsy geýim göwnüňde meýliň?

Diýdi: Ol ýagşydyr, haýsysyn berseň.

Diýdi: Eý, gul, nedir kesbi hem käriň?

Diýdi: Her haýsy bolsa ygtyýaryň.

Diýsene kylarsen haýsy hünärden?

Akdyrdy ol gul ýaşyn döküp gözünden.

Diýdi: Eý, ýagşylaryň patyşasy,

Bolarmy gul diýeniň ygtyýary?!

Eger emir eýleseň her haýsy ýüzge,

Nedir çäräm boýun bolmakdan özge.

Eşitdi hoja ol gulnuň sözüni.

Ýykyldy ýerge, urdy öz-özüni.

Ýakasyn ýyrtyban diýdi onda,

Eý, Abdylla, sen gördüň pygyl bende.

1462 Özüňi sal Hudaga başu-pesden,

Bendelik ýoluny öwren bu guldan.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň pikiri.