Şoýgu näme üçin Aşgabada barýar?

Russiýanyň goranmak ministri Sergeý Şoýgu

Russiýanyň goranmak ministri Türkmenistana sapar edýär. Sergeý Şoýgunyň Aşgabatda mahaly türkmen tarapy bilen “Yslam döwleti” toparynyň Owgansytandan abanýan howpy barada maslahat ediljekdigi aýdylýar. Ýeri gelende bellesek, bu Şoýgunyň 2012-nji ýylda goranmak ministri wezipesine bellenenden bäri Türkmenistana ilkinji sapary bolar.

Eýse, Şoýgunyň edil häzirki pursatda Türkmenistana barmagyny nähili häsiýetlendirse bolar? Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa boýunça bilermeni Brýus Panniýer bu soraga jogap bermäge synanyşýar.

Azatlyk Radiosy: Brýus, Şogýunyň sapary üçin edil häzirki pursatyň saýlanyp alynmagynyň nähilidir bir ähmiýeti barmy?

B.Panniýer: Meniň pikirimçe, Şoýgu diňe Owganystanyň demirgazygyndaky bolup geçýän howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli Türkmenistana sapar edýär.

Soňky döwürde Owganystanyň demirgazyk, şol sanda Türkmenistan bilen serhetleşýän sebitlerinde aldym-berdimli söweşler gidýär. Ýeri gelende bellesek, türkmen häkimiýetleri ýurduň günorta serhediniň alkymynda bolup geçýän ýowuz çaknyşyklary görmezlige salyp, olary ykrar hem edesi gelmeýär.

Russiýa eýýäm ençeme aýdan bäri türkmen-owgan serhediniň golaýynda bolup geçýän ýagdaýlara aladalanma bildirip gelýär. Kreml türkmen harby güýçleriniň bu ýagdaýdan baş alyp çykyp biljekdigine şübhe bilen garaýar.

Bir tarapdan, Moskwa eýýäm esli wagtdan bäri türkmen tarapyna öz kömegini teklip edip gelýän bolsa, başga tarapdan, Aşgabat hem bulary dowamly ret edip gelýär. Meniň pikirimçe, Şoýgu Russiýanyň edip biljek kömegini ýene bir gezek aýtmak üçin Aşgabada bardy.

Azatlyk Radiosy: Moskwa nähili kömegi hödürläp biler?

B.Panniýer: Meniň pikirimçe, häzirki tapgyrda [rus] maslahatçylaryny [ibermek] bilen çäklenseler gerek. Rus harbylarynyň türkmen-owgan serhedinde nämeleriň bolup geçýändiginden habarly bolaslary gelýär.

Haçan-da serhetdäki ýagdaýlar dogurdan hem ýaramazlaşyp başlanda, ruslar türkmen harbylaryna hemaýat hökmünde öz goşunyny hem ýollap bilerler.

Azatlyk Radiosy: Näme sebäpden Moskwa türkmen-owgan serhedindäki ýagdaýlardan beýle aladalanýar? Türkmen serhedinde çaknyşyk ýüze çykaýan halatynda-da, Russiýanyň Türkmenistan bilen serhedi ýok ahyryn.

B.Panniýer: Bu dogrudan hem gyzykly. Russiýanyň päliniň ýamandygyny aýdýanlar, elbetde, Moskwanyň ýagdaýlary bolşundan hem artykmaç çişirip görkezip, Türkmenistanda öz täsirini ornaşdyrmakçy bolýandygyny öňe sürýärler.

Bilşimiz ýaly, türkmen häkimiýetleri eýýäm ençeme ýyldan bäri ýurtda Kremliň täsiriniň artmagynyň öňüni aljak bolup tagalla edip gelýärler: Aşgabat Russiýanyň ne maslahatçylaryny ne-de goşunyny isleýär.

Moskwa hem öz gezeginde, Türkmenistanyň günorta serhediniň, şol bir wagtda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hem günorta serhedidigini öňe sürýär. Ruslar eger-de türkmen-owgan serhedinde howply ýagdaý ýüze çyksa, munuň diňe Türkmenistan bilen çäklenmen, eýse tutuş GDA giňişligine hem täsir etjekdigini aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy: Siziň aýdyşyňyz ýaly, türkmen-owgan serhedindäki ýagdaýlar ýaramazlaşsa, Türkmenistan hemaýat üçin Russiýa ýüz tutup bilermi?

B.Panniýer: Türkmenistan daşardan kimdir biriniň gelmegini düýbünden islemeýär. Türkmenistan özüniň Bitaraplyk syýasatyny ýöredýändigini aýdyp, muny galkan hökmünde ulanyp gelýär.

Eger-de Aşgabat ýagdaýlaryň elden gidendigini boýun alyp, ýurda rus harbylaryny çagyrsa, ol öz raýatlarynyň gözünden düşer. Häzire çenli türkmen häkimiýetleri ilaty ýurduň durmuşynyň ähli ugurlaryny gözegçilikde saklaýandygyny ynandyrjak bolup, jan edýärler.

Halk “bitaraplyk” diýilýäniniň hem boş sözdügine göz ýetirse, onda döwletiň alyp barýan syýasatynyň beýleki ugurlaryny hem sorag astyna alyp başlar.