Türkmenabat: pul ugratmakçy bolýanlar köpeldi

Bankda pul ugratmak üçin öz nobatyna garaşyp duran adamlar

Bu görnüş Türkmenabadyň banklarynyň öňündäki soňky hepdede adaty ýagdaýa öwrüldi.

Häzirki wagtda günde her bankyň öňünde adamlaryň köpelmegi sebäpli gündelik nobat sanawy düzülýär.

Banklar müşderileri irden sagat 9-dan tä öýlän sagat 4-e çenli kabul edýärler, emma bankyň bir günüň dowamynda bary-ýogy 40 ýa-da 50 sany müşderä hyzamat edip ýetişýändigini aýdýarlar.

Häzirki wagtda “Western Union” arkaly pul geçirimek hyzmatyny Türkmenabadyň Senagat, Türkmen-Türk, Garagum, Türkmenabaşy ýaly täjirçilik banklary we bölümleri alyp barýarlar.