Türkmen görnüşleri - 33-nji hepde

Aşgabat-Balkanabat magistral ýolunyň ugrunda garpyz we bal satýan oglan.

Aşgabat-Balkanabat asfalt ýolunyň ugrunda gawun-garpyz satýan çagalar.

Aşgabadyň Çoganly şäherçesinde arassaçylyk işlerini geçirýän işçiler kölegede dynç alýarlar.

Zir-zibilleri zyňmaga barýan oglan.

Andalyp köçesi bilen "10-ýyl abadançylyk" köçesiniň çatrygynda gurulýan desga.

Aşgabadyň 10-njy etrapçasyndaky köpgatly jaýlardan aýrylýan çanak antennalar.

Ruhabat etrabynyň çäginden geçýän demirýol geçelgesinde ýük otlusynyň geçmegine garaşýan awtoulag sürüjileri.