Türkmenistanyň Braziliýanyň Rio de Janeýro şäherinde geçýän tomusky Olimpia oýunlaryna gatnaşýan türgenleri bäsdeşlerinden has pes netijeleri gazanyp, yzly-yzyna ýaryşdan çykýar.
Mysal üçin, 8-nji awgustda Rio ýaryşlarynda türkmenistanly dzýudoçy Ruşana Nurjawowa we boksçy Arslanbek Açylow garşydaşlaryndan ýeňlip, ýaryşdan çykdy.
Häzirki pursatda dokuz sany türkmen türgeniniň bäşisi ýaryşlardan çykdy.
Azatlyk radiosy bu ýagdaýa il içinde bildirilýän reaksiýa bilen gyzyklanyp, aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen telefonda söhbetdeş boldy.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Türkmen janköýerleri tälimçilerden nägile