Aşgabatda çilim ýene satuwdan aýryldy

6-njy oktýabrda Aşgabatda satuwa çykarylan çilim.

Aşgabadyň döwlete degişli dükanlarynda çilimiň ýene satuwdan aýrylandygy habar berilýär. Munuň sebäpleri barada ne dükan işgärlerine, ne-de çilimkeşlere maglumat berilýär.

Mälim bolşy ýaly Türkmenistanda üç aýa golaý wagt dowam eden çilim gytçylygyndan soň, geçen hepdäniň penşenbe gününden başlap Aşgabadyň döwlete degişli dükanlarynda, temmäki önümleri gaýtadan satylyp başlanypdy.

Azatlyk Radiosy soňky ýagdaýlar bilen gyzyklanyp, aşgabatly ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Aşgabatda çilim ýene satuwdan aýryldy