Soňky demiňe çenli

Şiraly bilen hoşlaşyk pursady. Aýaly Natalýa Şimowskaýa we türkmen ýazyjysy Ak Welsapar. Stokgolm, Şwesiýa. 14-nji oktýabr, 2016 ý.

Şu gün, 14-nji oktýabrda şahyr Şiraly Nurmyrat Stokgolmyň etegindäki musulman gonamçylygynda topraga berildi.

Bir uly ömür tamamlandy. Ol bu ömrüň ýarym asyryny poeziýa bagyş etdi.

Şiraly edebiýata ir gelipdi. Soňra dürli päsgelçilikler sebäpli, onlarça ýyl onuň ady edebiýatda görünmedi. Ýaňadan orta çykdy hem köpleriň aýdyp bilmeýän hakykatyny aýdyp, halkyň eý görýän şahyryna öwrüldi.

Hakykaty aýtmak pursady

Bu gezekli dünýäde türkmen halkyna hakykaty aýtmak pursady gelip ýetdi. Togsanynjy ýyllardan SSSR-de milli galkynyşlar zamany başlandy. Dürli milletler öz garaşsyzlygy hem milli erkinligi ugrundaky meseleleri öňe çykardylar.

Galkynyşyň bir çeti ahyrynda Türkmenistana-da ýetdi. Ýöne başgalara garanda, millet aşa haýal deprenýärdi, öz hak-hukugyny talap etmegi başarmaýardy. Şol pursatda şahyr milletiň dili hem gözi boldy.

Şiraly soňky ýoluna ugradyldy

Şahyr bu temadan syýasy pamfletler toplumyny döretdi. Milleti şeýle ruhy peslige salan kolonial syýasaty, şol kolonial düzgüne hyzmat edýän ýolbaşçylary açykdan-açyk ýazgaryp bildi.

Şahyr Türkmenistan Kompartiýasynyň 1-nji sekretary S. Nyýazowa ýüzlenip: “Sapar jan, saňa näm boldy?” diýdi.

Beýleki bir goşgusynda:

Saparmyrat hanymyz,

Ýuwa-ýelmik nanymyz –

diýip, onuň nähili serdardygyny aýtdy.

Şiraly Nurmyrat

Halka hut şolar ýaly şahyr ýetmeýärdi. Şonuň üçin onuň sözüni magnit lentasynda ýazgy edip elden-ele, öýden-öýe ýaýratdylar.

Ol möwsümleýin şahyr bolmady. Halkyň düşen ýagdaýy baradaky sözüni yzygider hem mydama aýtmagy başardy. Munuň üçin iki gezek türmä girip çykdy.

Ölüm barada

Adam öz mertebesini goramak, hak sözüň yzynda durmak üçin, näçe göreşmeli? Ömrüňi adam şekilli dowam etdirmek hem ahyrynda şol mertebäň bilen ölmek üçin, näçe synaga döz gelmeli? Ony aýtmak kyn, ýöne Şiralynyň ömür ýolundan çen tutsaň, bu aşa agyr hyzmat.

Ony öldürmek islediler. Şeýle gara niýet bilen ýörite yzyna düşen adamlar bolupdyr.

Şiraly Moskwada ýaşan döwründe, ‘kommersiýa bilen meşgullanýan’ diýýänlerden biri tanyşlyk açýar. Aradan ep-esli wagt geçensoň, ol Şirala şeýle diýipdir.

– Agam, meniň borjum seni öldürmekdi. Maňa şeýle görkezme berdiler. Seniň bilen tanşyp gürleşemden soňra, öz pälimden el çekýän. Ýöne habardar bol, indiki yzyňa düşjek men ýaly bolmaz.

Ol Moskwanyň etegindäki Mytişşi türmesinde hem ölümiň gyrasyndan gaýtdy. Ol ýerde saglygyna agyr zyýan ýetirdi.

Şiraly Nurmyrat (arkada), şahyr Çary Aşyr (çepde) we aktýor Artyk Jally

Çünbatarda parahat ýaşap ýören döwründe-de, birki gezek ,,Şiraly ýogalypdyr” diýen habar ýaýrady.

Bir gezek şeýle ýakymsyz habardan soň Şiraly bilen gepleşdim. Bolup ýören gürrüňlerden habarlymy ýa-da habarsyz, ony biljek däl, ýöne özi ölümden söz açdy.

– Şunça ýaşaryn diýip çak edemokdym. Hudaýdan ýüz-müň razy. Biziňkilerden hiç biri bu ýaşa ýetip bilmedi. Inilem, jigilem bireýýäm ýogaldylar. Indi Alladan bir dilegim bar; bu beren janyny gynaman, kösemän alsady. Demiňi sanap, ajala garaşyp ýatmakdan agyr zat ýok. Alladan ýeke dilegim – biriniň eline galdyrmasyn. Başga armanym ýok.

Toprak barada

1968-nji ýylyň güýzünde, iki ýegre dost, Gurbannazar hem Şiraly giç ara Mämmet Seýidiň öýüne gitjek bolup, taksi saklaýarlar.

Taksiçi bularyň pikirini aňyp: ,,Kolhoz köçesinemi?” diýýär-da, jogaba garaşman, şoňa tarap sürýär. Mämmet Seýidiň gapysynda ulagdan düşenlerinde, Gurbannazar sürüjä: ,,Sen, halypa, biziň nirä geljegimizi bildiň, indi soňky barjak ýolumyzy – nirede jaýlanjagymyzy-da aýt” diýipdir. Sürüji birsellem oýlanyp: ,,Sowhoz köçesinde ýaşaýany Garadamakdan başga nirä äkitsinler?” diýýär.

Şiraly hem kem galman: "Indi meniňem nirede jaýlanjagymy aýt" diýipdir.

Şiralyny siňe synlan sürüji başyny ýaýkapdyr. "Seniň nirede jaýlanjagyňy Alla bilsin."

Onuň bir aýdany dogry çykdy. Beýleki aýdany-da, hakykatdan daş däl ekeni.

Ol Çärjew türmesinde ölüp bilerdi. Ölüm ony Moskwanyň köçelerinde-de yzarlapdyr. Tula ýa-da Mytişşi türmeleri-de aşa ýowuzdy. Takdyry oňa Stokgolmyň etegindäki tokaýlykdan, mähriban ýan ýoldaşy Maralyň ýanyndan ýer berdi.

Ol bu topragy söýüpdi. Şahyrda şeýle setir bolmaly.

Özünde doglan bolsaň,

Ýaşalaýjak yurt eken.

Soňky söz

Şu günki günde uly şahyr Gurbannazar Ezizowyň 1970-nji ýylyň 13-nji maýynda, Şirala ýazan hatyndan bir parça getirsek gowy bolar. Sebäbi ol hat biziň barymyza degişli ýaly.

«Şiraly, salam!

Hatyňy alanyma bir asyr bolsa-da, häli-şu güne çenli jogap ýazyp bilmedim. Nämüçin? Jogap berjek bolaýyn. Ýöne özümi aklajak bolýandyr öýtseň, ýalňyşarsyň. Men saňa bir oňat hat ýazmalydygyma düşünýärdim. Şol hatda men her edip, hesip edip, seniň göwnüňi götermelidim, häzirki ýeriňde – seni gurşap alan atmosferada ýüregiňde geljegemi, oňatlygamy, bilemok, garaz bir oňat umyt uçgunyny ýakmalydym. Men şeýle hem etdim. Emma ýazanymy soň okap gördüm welin, öňde biriniň howaýylyk bilen aýdan „bu-da geçeri“ ýadyma düşdi.»

Şahyryň aýdyşy ýaly, bu gün ‘ölümsiz dünýä ýok’ diýip bolardy. Ölüm bar. Ýöne uly ynsanyň ýitgisi örän agyr bolýar.

Şahyr Şiraly Bakylyga dolandy. Indi biziň aramyzda onuň eserleri ýaşar.

Şahyryň jaýy Jennetden bolsun!

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň şahsy pikiri.