Türkmenistanda täze ýyla çenli býujet işgärleriniň aýlyklarynyň tölenmegine ýokary derejede görkezme berildi.
Prezident G.Berdimuhamedowyň dekabryň aýlyklaryny, pensiýalaryny, stipendiýalaryny we beýleki döwlet töleglerini 20-nji dekabra çenli tölemek barada 24-nji noýabrda hökümet maslahatynda beren tabşyrygy ýurtda döwlet edaralarynyň işgärleriniň aýlyklarynyň birnäçe aýlap gijikdirilýän wagtyna gabat geldi.
Azatlyk Radiosy döwlet we hususy kärhanalarda işleýänleriň zähmet haklarynyň tölenmegine degişli şu günki ýagdaý barada türkmenistanly synçy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Prezident dekabryň aýlygyny bermeli diýdi, aýlyklar köp aýlap berilmedi