Lebap: Onlarça dükan möhürlendi

Dükanlaryň gapylary möhürlenip, dükanlaryň adyny ýa bolmasa söwda ugruny görkezýän ýazgylary hem aýrylypdyr.

Dükan eýeleriniň aýtmagyna görä, şu gün, ýagny 30-njy noýabrda, dükanlardan käbiri gaýtadan açyldy.

Beýleki dükanlaryň näme sebäpden ýapyklygyna galýandygy we olaryň atlaryny görkezýän ýazgylaryň aýrylmagy barada anyk düşündiriş ýok.

Il arasynda “Izmir” köçesi diýlip tanalýan Görogly beg köçesiniň ugrundaky dükanlaryň gapylaryndaky möhürli kagyzlaryň ýüzünde Türkmenabat şäher häkimliginiň ýa-da Serdarabat etrap häkimliginiň, tok edarasynyň, ýangyna garşy gullugyň, salgyt edarasynyň, keselleriň ýaýramagyna garşy göreş edarasynyň we dürli arçynlyklaryň wekilleriniň gollary goýlupdyr.

Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna saparynyň tamamlananyna iki gün geçse-de, bu dükanlaryň işlemegine näme sebäpden rugsat berilmeýändigini anyklamak başartmady.

Emma dükanlaryň iki hepde çemesi ýapyk bolmagy diňe dükan eýelerine däl, eýse ol ýerde işleýänleriň hem maddy ýagdaýyna ýaramaz täsir ýetirýär.

Dükan eýeleriniň käbirleri prezidentiň mundan ozalky saparlarynda, dükanlaryň iki-üç günlük ýapylyp, soňra açylandygyny aýdýarlar we bu gezekdäki ýagdaýyň geňdigini nygtaýarlar.