Saglyk agyzdan, emma azyk gymmat

Jygyllyk bazary

Türkmen metbugaty Aşgabatda ilatyň sagdyn naharlanmagy baradaky milli programmanyň ýerine ýetirilişine bagyşlanan mejlisiň bolandygyny habar berýär.

Elbetde, ilatyň sagdyn naharlanmagy boýunça ilki 2013-2017-nji ýyllara, soň 2018-2025-nji ýyllara niýetlenen programmanyň bolmagy gowy zat.

Ýöne, resmi däl habarlar görä, ýurtda azyk ýetmezçiligi barha güýçlenýär, dükanlaryň öňündäki nobatlar uzalýar we hatda işleýän adamlar hem aýlyklaryny wagtynda almaýarlar. Bu hili ýagdaýda ilatyň sagdyn naharlanmagy baradaky programma nähili durmuşa geçirilip bilner?

Azatlyk radiosy bu soragy ýazyjy Amanmyrat Bugaýewe berdi.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Saglyk agyzdan, emma azyk gymmat