Aşgabat: Täze ýerasty geçelgeleriň oňyn we tersin taraplary

Aşgabat, Parahat 7, gurluşyk dowam edýär.

Türkmen metbugaty paýtagt Aşgabadyň köp gatnawly köçelerinde ýol hereketiniň, ilkinji nobatda hem pyýadalaryň howpsuzlygyny üpjün edýän ýerasty geçelgeleriň gurluşygynyň, onlarça köçäni abadanlaşdyrmak işiniň ýokary depginde dowam etdirilýändigini habar berýär.

Emma Azatlygyň ýerli çeşmeleri şäheri abadanlaşdyrmak işiniň çiglikleriniň hem az däldigini, ýöne bu barada döwlet eýeçiligindäki metbugatda gürrüň etmek mümkinçiliginiň ýokdugyny habar berýärler.

Eýsem bu diýilýän çiglikler nämelerden ybarat we olar şäher ýaşaýjylarynyň durmuşyna nähili täsir ýetirýär?

Azatlyk radiosy bu soragy Aşgabatda 50 ýyl çemesi ýaşaýan ýerli synçy Amanmyrat Bugaýewe berdi.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Aşgabat: Täze ýerasty geçelgeleriň oňyn we tersin taraplary