Pakistanyň unudylan butparazlary hak-hukularyna eýe boldy

Gadymy butparaz kalaş taýpasynyň agzalary asyrlar boýy Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky beýik hem-de alysdaky daglarynyň arkasynda, daşarky dünýäden üzňelikde unudyldylar.  

Kalaş taýpasy özlerini “Beýik Isgenderiň esgerleriniň nesli” hasaplaýarlar we basybalyjynyň 2 müň 300 ýyl ozal bu sebiti basyp almagyndan bäri aglaba üzňelikde ýaşaýarlar. 

Häzirki wagtda sanlary 4 müň adama barabar bolan bu jemgyýet, özleriniň özbaşdak dilini, dinini we ýaşaýyş stilini gorap saklaýarlar. Muňa garamazdan, kalaşlar Pakistanyň hökümeti tarapyndan aýratyn jemgyýet hökmünde ykrar edilmän gelýärdiler.

Bu ýagdaý, aprel aýynda Pakistanyň demirgazykdaky Peşawar şäherinde  welaýat sudunyň agzalýan jemgyýeti aýratyn etniki we dini topar hökmünde resmi ýagdaýda ykrar etmegi bilen üýtgedi.

Munuň netijesinde, Pakistanyň soňky 20 ýyla golaý wagtda ilkinji gezek geçirýän ilat sanawynda kalaş taýpasy aýry-aýrylykda hasaba alynar.
 
Bu jemgyýetiň resmi derejede ykrar edilmegi ilatynyň aglabasy musulmanlardan ybarat ýurtda uzak wagt dowam eden göreşiň netijesi boldy. Bu ýurtda din we beýleki azlyklar köplenç häkimiýetler tarapyndan yzarlamalara we hatda söweşijiler tarapyndan hüjümlere sezewar edilýär.

Kalaş taýpasyny ykrar etdirmek üçin arzanyň arkasyndaky adam kanuny ýollar arkaly göreşdi hem-de öz arzuwyny amala aşyrmak üçin ýyllar boýy der dökdi.

Başlangyjyň üstünlikli bolandygyny eşiden 32 ýaşly Wazir Zada: “Täzelik Kalaş obasyna ýyldyrym tizliginde ýaýrady. Adamlar örän minnetdar. Hatda biziň musulman goňşularymyz hem begendiler. Olar öz doganlarynyň özbaşdak şahsyýete eýe bolandygyny aýtdylar” diýdi.

Zada bu taryhy karar esasynda beýleki etniki we dini azlyklaryň eýe bolan hukuklaryna we goraglaryna kalaşlylaryň hem eýe boljakdygyny aýtdy. Olaryň içinde welaýat mejlisinde orunlar we kalaşyň Pakistanda resmi dil hökmünde ykrar edilmegi hem bar.

Kalaşlylar Pakistandaky beýleki toparlara meňzenok. Köne butparaz we animist ynançlar bilen garyşan gadymy hinduizm kalaş ybadatynyň takmynan ýarymyny emele getirýär. Olar dini festiwallaryny saz çalmak, tans etmek we alkogolly içgileri ulanmak bilen belleýärler. Bular hem olaryň başlarynyň jem bolmagyna sebäp bolýar.

Olaryň däp-dessurlarynda durmuşa çykan kalaş zenany başga erkek bilen gaçýar we erkekler ýetginjeklik çagyndan soňra özleriniň saýlan islendik zenany bilen jynsy gatnaşyga girýärler. Beýleki däplerinde bolsa onlarça geçini gurban etmek hem bar.

Her ýyl maý aýynda kalaşlylar ýazyň gelmegini “Chilam Joshi” festiwaly bilen belleýärler. Köpçülik tansdyr-sazlarda jemlenýär, öýlerini güller bilen bezeýärler we süýtden öndürilen içgileri hödür edýärler.

Kalaşlylary tapawutlandyrmak aňsat. Köpüsi saçlaryna halka geýýärler we ýagty reňkli papaklar bilen türgenleşýärler. Käbir zenanlarynyň ýüzlerinde tatu bolup, olar dürli reňkler bilen nagyşlanan gara don geýýärler. 

Olar Kalaş dilinde gepleýärler. Käte kalaşa hem diýilýän bu dil, Pakistanyň demirgazyk-günbatarynda jedelli Kaşmiriň Gimalaý sebitinde we gündogar Owganystanda gepleşilýän indo-arýan dilleriniň bir toparyna degişli.

Kalaş özüniň adaty durmuş ýörelgesini saklap galmak üçin köp kynçylyklara döş germeli bolýar.

Olaryň sanlary ýowuzlyk, yslam dinine geçmek we tebigy betbagtçylyklar sebäpli azaldy. Olaryň Pakistanyň alys hem-de durnuksyz demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän sebiti örän garyp. Kalaşlylaryň köpüsi ýaşamak üçin sebite gelýän az sanly turistlere bil baglaýar.

Zada, jemgyýetiň resmi taýdan ykrar edilmegi bilen hökümetiň bilim üçin gaznadan pul goýbermegini umyt edýär. Ol bu jemgyýetiň mirasyny we dilini gorap saklamak üçin munuň örän “wajypdygyny” nygtady.

Kalaşlylar Pakistanda konserwatiw musulmanlar tarapyndan ynanmaýanlar manysynda, ýagny “gara kapyrlar” diýlip bilinýär. Soňky ýyllarda owganystanly we pakistanly “Talyban” söweşijileri bu jemgyýetiň agzalaryna çozuş edip, olaryň ençemesini öldürdiler.

Kalaşlylar “Kapyrystanyň ilatynyň” iň soňky ýaşaýjylary. “Ynanmaýanlaryň ýeri” diýlip bilinýän Kapyrystana, demirgazyk-günbatar Pakistanyň we gündogar Owganystanyň “Durand Line” (Durand Çyzygy) şertnamasy sebäpli ikä bölünmezinden ozalky sebitleri degişli. Durand Çyzygy XIX asyrda Owganystan we Britaniýa Hindistany arasynda serhet yglan edildi.

Pakistandaky kalaşlylaryň, Owganystanyň Nurystan sebitinde ýaşaýan ýakyn-garyndaşlary bilen medeni we linguistik meňzeşlikleri bar. Olaryň köpüsi gündogardaky Nurystan welaýatynda ýaşaýar.

Kapyrystanyň ýaşaýjylary birnäçe owgan şalary tarapyndan dowamly nyşana alnyp, ýerlilere öz dini ynanjyny Yslam dinine çalyşmaga basyş edildi. Sebitiň ady soňra Nurystan diýlip üýtgedildi. Nurystan – aň-bilimli ýer diýmegi aňladýar.

Kalaş ilki Britaniýa Hindistanyna degişli edilip, soňra hem Pakistanyň serhedinde galdy.

Nurystanlylar ýaly kalaşlylar hem “Beýik Isgenderiň esgerleriniň neslinden gelýändiklerini” öňe sürýärler. Isgenderiň goşuny, häzirki Pakistanyň Punjab welaýatynda bolan “Hydaspes” söweşi üçin ýöriş edende olary yzda goýup gidipdir. Onuň patyşa Porusy ýeňmegi bilen, Punjab welaýaty Makedoniýa imperiýasyna birleşdirlipdir.

2014-nji ýylda Bilim Žurnalynda (Journal Science) çap edilen statistiki analizlere görä, kalaşlylarda gadymy ýewropa ilatynyň DNA “bölejikleri” tapyldy.

Grek hökümeti Kalaşyň gadymy durmuş ýoluny saklap galmak üçin gyzyklanma bildirdi.  2004-nji ýylda Afina “Kalaşa Medeniýet merkeziniň” binasyny maliýeleşdirdi. “Kalaşa Medeniýet merkezindäki” muzeýde el işleri, egin-eşikler, saz gurallary, şaý-sepler we heýkeller bar