Türkmenistanda “Ýylyň mugallymy” atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirilip, ýeňiji bolan mugallyma Hazar deňzinde dynç almak sowgadynyň gowşurylandygyny türkmen döwlet media serişdeleri habar berýärler.
Habarda bäsleşige gatnaşan mugallymlaryň “klas sagatlaryny” we “açyk sapaklary” geçirmek arkaly öz ussatlyklaryny görkezendigi aýdylýar.
Emma şol bir wagtda, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanlylaryň ençemesi häzirki wagt mekdeplerde mugallymlaryň ussatlyk derejesiniň pesliginden nägile bolýarlar.
Bu barada Azatlyk Radiosynyň daşoguzly pensioner Anna daýza bilen söhbetdeş boldy.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
“Pensiýa çykan mugallymlardan başgasynyň ussatlyk derejesi pes”