ÝHHG türkmen telewideniýesiniň işgärleri üçin okuw-seminar gurnady

Illýustrasiýa

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy türkmen telewideniýesiniň redaktorlary we operatorlary üçin, möhüm wakalary habar bermek boýunça ýörite okuw-seminaryny gurnady.

ÝHHG-niň Aşgabatdaky edarasynyň beýanatynda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen birlikde geçirilen bu dört günlük çäräniň türkmen tele-žurnalistleriniň hünärlerini bu ugurdarky halkara standartlaryna getirmegi maksat edinendigi aýdylýar.

Seminaryň dowamynda möhüm wakalary telewideniýede habar bermegiň, habarlary toplamagyň usullaryna; habar bermegiň konseptlerine we formatlaryna hem garalandygy aýdylýar.

Gepiň gerdişine bellesek, Türkmenistanyň metbugat işgärleriniň ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan gurnalýan dürli seminarlarda žurnalistikanyň halkara ölçegleri, iş usullary bilen tanyşdyrylýandygy barada, wagtal-wagtal habar berilýär.

Şeýle seminarlaryň ýene biri geçen aýda, Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň metbugat gulluklarynyň işgärleri we milli metbugatyň žurnalistleri üçin guralypdy.

Emma media azatlygyna gözegçilik edýän halkara guramalary tarapyndan habar serişdelerini berk kontrollykda saklamakda we ýiti senzurany ornaşdyrmakda tankytlanýan Türkmenistanda gürrüňi gidýän okuw-seminarlarynyň netijesinde, ýurtdaky metbugatyň ýagdaýynyň ‘göze ilerlik’ üýtgemeýändigi aýdylýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Soltan Açylowa türkmen telewideniýesiniň ýurduň içindäki we daşyndaky bolup geçýän ‘ýiti meseleler’ barada dymýandygyny aýdyp, türkmen žurnalistleriniň hünär-taýýarlygyny ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän okuw-seminarlarynyň hem ýagdaýa az ýa asla-da täsir ýetirmeýändigini gürrüň berýär.

“Her dürli seminarlaryň geçirilýändigi barada maglumatlar berilýär. Emma olaryň netijesinde metbugatda-da, telewideniýede-de göze ilýän üýtgeşiklik ýok” diýip, Soltan Açylowa belledi.

Galyberse-de, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy türkmen häkimiýetleriniň garaşsyz, şol sanda Azatlyk Radiosynyň habarçylaryny tussag astyna almagyny, basyş etmegini tankytlap, ençeme gezek çykyş hem edipdi.

Ýokarda-da belleýşimiz ýaly, türkmen häkimiýetleri mediany tutuşlygyna kontrollygynda saklamakda tankytlanýar. Media azatlygy boýunça hasabatlarda Türkmenistan iň ýaramaz orunlarda ýerleşdirilip, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hem ‘Internetiň duşmany” diýlip atlandyrylypdy.