Aşgabatda polisiýanyň gözegçiligi güýçlenýär

Polisiýa işgärleri

Aşgabadyň köçelerinde, awtobus duralgalarynda polisiýa işgärlerniň gözegçiligniň artdyrylýandygy göze ilýär.

Aşgabatly ýaşaýjy 70 ýaşly Oraz aganyň aýtmagyna görä, polisiýa işgärleriniň köçelerde köpelip başlandygyna indi bir hepde gowrak wagt bolupdyr.

"Olary ähli köçelerde hem görmek bolýar, ýöne olar esasan protokol köçeleriň ugrunda has köp göze ilýärler" diýip,Oraz aga gürrüň berdi.

Aşgabadyň "Bitaraplyk" ,"Garaşsyzlyk" hem-de "Türkmenbaşy" şaýollarynyň ugrundaky awtobus duralgalarynyň her birinde iki sany polisiýa işgäri gije-gündiz diýen ýaly nobatçylyk çekýärler.

"Polisiýanyň ýörite awtoulagynda aýlanyp olary gezekleşdirip çalyşylýan wagtyna hem häli-şindi köçelerde duş gelse bolýar" diýip,Oraz aga aýdýar.

Şu ýylyň 17-nji sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň çäginde paýtagtyň ähli ýerinde hem gözegçilikleriň güýçlenendigini ýaşaýjylardan eşitse bolýar.

Diňe bir polisiýa işgärleri däl, etrap, şäher häkimlikleriniň wekilleri hem häli-şindi özlerine degişli etraplara aýlanyp, köçeleri, ýanýodalary, köp gatly jaýlaryň aralaryny arassalamaklaryny dowam etdirýärler.

Bu işleriň netijesinde kiçi etrapçalarda saýaly baglar çapylyp başlandy. Gün ýaşandan soňra hem gije ýarym bolýança meýdançalara düşelen betonlaryň howry öçmeýär. Mundanam başga, polisiýa işgärleri häli-şindi aýlanyp, köçeleri, köçe söwdegärlerinden, dilegçilerden "arassalamaga" çalyşýarlar.

Awtoulagda barýan wagtyň haýsy awtoduralga seretseň, sensor gapyly awtoduralgalarda iki sany polisiýa işgärniň durandygyna gözüň düşýär.

"Olar bilen söhbetdeş bolanyňda 5-nji Aziýa oýunlary başlanýança protokol köçeleriň ugryndaky kondisionerli, telewizorly awtoduralgalara ýolagçylar tarapyndan zeper ýetirilmezligi üçin nobatçylyk çekýändiklerini eşitmek bolýar" diýip, Oraz aga gürrüň berdi.

Polisiýa bölümlerine, ýa beýleki hukuk goraýjy edaralara işiň düşüp baraýsaň, habaryňy almaga işgär tapylmaýar. Zerur iş bilen arza-şikaýat bilen barýan adamlaryň uzakly gün durup gaýdýandyklaryny aýdýan ildeşlerimiz hem bar.