Türkmenistanyň ähli ýerlerinde şu günler tomsuň iň bir yssy günleri dowam edýär. 23-24-nji iyul günleri howanyň derejesi has hem ýokarlanyp, gyzgynlygyň 41-42-gradusdan geçendigi, hatda kä ýerlerde kölegede hem 38-40-gradusa çenli gyzgynlygyň duýulandygyny ýaşaýjylar aýdýarlar. Aşgabatda bu gyzgynlygyň has hem ýiti duýulýandygyny görse bolýar.
Aşgabatda howanyň derejesiniň has ýokary bolmagynyň sebäplerini ýaşaýjylar paýtagtda alnyp barylan abatlaýyş işleriniň çäginde agaçlaryň çapylmagy, ozal bar bolan alleýalaryň, saýaly ýollaryň durşuna betonlanmagy bilen baglanyşdyrýarlar.
Aşgabadyň ýaşaýjysy 82 ýaşly pensioner Mansur aganyň aýtmagyna görä, her ýylda hem tomsuň ortasynda howanyň derejesi kähalatlarda 50 gradusa çenli ýokarlanyp, ýaşaýjylar yssydan goranmak üçin ýaşaýyş jaýlarynda ikiden-üçden split sistemaly kondisionerleri hem oturtmaga çalyşýardylar.
“Ozalky ýyllarda kiçi etrapçalarda, uly köçeleriň ugrunda bar bolan müňlerçe saýaly baglar hem adamlaryň yssydan goranmagyna ýardam berýärdi. Esasan hem kiçi etrapçalarda ýaşaýjylar tarapyndan dürli agaçlar ekilip, her bir ýaşaýjy öz ýaşaýan öýüniň gapysynda, penjiresiniň agzynda gök zolagy döretmäge çalyşýardy. Netijede saýalar ýaly baglar, gök zolakly alleýalar kiçi etrapçalardaky ýaşaýjylaryň agşamlaryna daşary çykyp, salkyn saýada oturyp dynç almaklary üçin ýeterlik bolýardy” diýip, Mansur aga aýdýar.
Soňky iki-üç ýylyň dowamynda kiçi etrapçalarda abatlaýyş işlerini geçirmek bahanasy bilen ähli agaçlar diýen ýaly çapylyp ýok edildi. Ýaşaýjylar tarapyndan döredilen alleýalar tekizlendi.
Beton bilen örtülen meýdançalar gündizlerine gyzyp, onuň howry gije ýarymda hem öçmeýär. Ýaşaýyş jaýlaryndan split sistemaly kondisionerleriň aýrylmagy bilen, ýaşaýjylara öz split sistemaly kondisionerlerini ulanmakda hem dürli kynçylyklar döredi diýip, ýaşaýjylar aýdýarlar.
Öz adynyň efirde tutulmazlygyny soran polisiýa işgäriniň aýtmagyna görä bolsa, bu edilen işler kiçi etrapçalary abatlamak maksady bilen däl-de, howpsuzlyk meseleleri bilen bagly amala aşyrylypdyr.
Häkimiýetler ilatyň toparlanşyklaryndan, üýşüşip özara pikir alyşmaklaryndan ätiýaç edip, kiçi etrap-çalaryň agaçlaryny, ýaşaýjylar tarapyndan ekilip gyrymsy agaçlardan döredilen alleýalary ýok etmek kararyna gelipdirler.
Hemme ýer eliň aýasy ýaly açyk görnüp dur. Kim nireden ýöreýär, kim bilen kim duşuşýar. Polisiýa işgärleri kiçi etrapçalaryň içine girende, özlerini has howpsuz duýýarlar. Polisiýa işgärlerine etrapçalara gözegçilik etmek ýeňil düşýär diýip, efirde adynyň tutulmazlygyny soran polisiýa işgäri aýdýar.
Mundan 30-40 ýyl ozal köçelerde ekilen agaçlaryň suwarylmagy üçin ýörite aryjaklar çekilerdi. Haçan görseň köçelerden suw akyp, ýüzüňe salkynlyk berer durardy. Indi bolsa köçeden ýöräniňde, ýüzüňe gyzgyn howur urup, demiň daralýar diýip, ýaşaýjylar aýdýarlar.
Käbir Saglyk öýleriniň işgärleriniň aýtmaklaryna görä bolsa, bu geçirilen işlerden soň, gan basyşy ýokarlanyp, ýürek agyrysy agyrlaşyp saglyk öýlerine ýüz tutýan näsaglaryň sany artypdyr.
Emma häkimiýetleri ilatyň saglygy hem gyzyklandyrmaýar, ýaşaýjylara gerek bolan amatlyklar hem gyzyklandyrmaýar. Ilki bilen olary we olaryň janpenalaryny öz howpsuzlyklary gyzyklandyrýar. Şonuň netijesinde etrapçalar ýalaňaçlanyp, ilat salkyn kölegelerden mahrum edildi diýip, ýaşaýjylar nygtaýarlar.