Aşgabatda Aziadanyň öňüsyrasynda 200 täze awtobus gatnap başlady

Aşgabat

Aşgabatda Aziýa oýunlarynyň bir aý öňüsyrasynda täze awtobuslaryň we taksileriň ýüzlerçesi ulanylyşa berildi. Resmi maglumata görä, Türkmenistanyň Günoarta Koreýadan satyn alan 640 awtobusyndan 200 sanysy ulanylyp başlanypdyr, şeýle-de Ýaponiýadan satyn alnan ýeňil ulaglardan 100 taksi gatnap başlapdyr. Täze ulaglaryň şähriň ýaşaýjylary hem-de sentýabrda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň myhmanlary üçin niýetlenýändigi aýdylýar.

Täze ulaglaryň gatnap başlamagy Aşgabadyň jemgyýetçilik transportunyň gatnawyna we hiline nähili täsir ýetirdi?

Azatlyk Radiosy bu sowal bilen aşgabatly synçy ýazyjy Amanmyrat Bugaýewe ýüzlendi.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Aşgabat: Aziadanyň öňüsyrasynda 200 täze awtobus gatnap başlady