Aşgabatda V Aziýa oýunlarynyň dabaraly açylyşy bolýar

Oýunlaryň nyşany

Aşgabatda şu gün, 17-nji sentýabrda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçirilýän 5-nji Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasy bolýar.

Resmi habarlarda bu dabara birnäçe döwlet ýolbaşçylarynyň, şol sanda Ermenistanyň, Gazagystanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň, Owganystanyň we Özbegistanyň prezidentleriniň gatnaşjakdygy aýdyldy.

Awtoritar prezident, gaza baý öňki sowet respublikasynda durmuşyň ähli ugurlaryna kontrollyk edýär diýip bilinýän Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýa oýunlaryny Türkmenistany regiondaky rowaç ýurtlaryň biri we sport merkezi edip görkezmekde ulanmak isleýäne meňzeýär.

Emma adam hukuklaryny goraýjy guramalar bu sport çäresiniň giň gerimli hukuk bozulmalaryna alyp gelenliginden, şol sanda Aşgabatda müňlerçe adamyň jaýynyň ýykylmagyndan, türkmen häkimiýetleriniň garaşsyz sesleri basyp ýatyrmagyny dowam etdirmeginden alada bildirdiler.

Türkmenistan adatça daşary ýurtly myhmanlardan çeke durýar, emma 5-nji Aziýa oýunlaryna müňlerçe daşary ýurtlynyň gelmegine garaşylýar.

Guramaçylaryň sözlerine görä, bu sport çäresine 62 ýurtdan 5,500 çemesi atlet gatnaşyp, olar sportyň 21 görnüşinde, şol sanda tennis, ju-jitsu, tigir sürmek, ştanga götermek, taekwondo boýunça bäsleşiklere gatnaşar.

Bu ýaryşlara gatnaşýan iň ýaş türgen pakistanly suwda ýüzüji, 13 ýaşly Jahan Ara Nabi.

Türkmen hökümeti bu oýunlara, Türkmenistanda geçirilýän iň uly halkara çäresine taýýarlyk üçin milliardlarça dollar harçlady. Oýunlara gabat gurlan täze uçar menziliniň döwlet gaznasyna $2.5 milliard dollar çemesi serişdä düşendigi aýdylýar.

Şeýle-de Aşgabatda 150 gektar meýdany tutýan Olimpiýa desgalary, şol sanda 45 müň tomaşaçy orunly stadion, 6 müň tomaşaçy orunly tigir sürüş meýdançasy, suw sportlary toplumy, 5 km aralyga uzaýan monorial ulgam guruldy.

Şu aralykda adam hukuklaryny goraýan toparlar Aşgabatdaky we onuň töweregindäki hususy jaý eýeleriniň oýunlaryň öňünden köp sanly haksyzlyga, emläk hukuklarynyň köpçülikleýin bozulmagyna sezewar edilendigini aýtdylar.

Adam hukuklaryny goraýan “Türkmen inisiatiwasy” topary we Hýuman Raýts Wotç guramasy 4-nji sentýabrda hasabat çap edip, türkmen häkimiýetleriniň bu oýunlara taýýarlyk sebäpli Aşgabatdaky jaý eýeleriniň müňlerçesiniň jaýlaryny ýykyp, olara degerli kompensasiýa bermändigini habar berdiler.

Şeýle-de bu iki hukuk topary Aziýanyň Olimpiýa Geňeşini, 5-nji Aziýa oýunlaryny gurnaýjy guramany Türkmenistana adam hukuklary babatda öz üstüne alan borçnamalaryny ýatlatmaga çagyrdylar.

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi Türkmen hökümetini Oýunlar mahalynda we soňra žurnalistleriň öz işlerini gorkusyz, ar alynmagyndan çekinmezden edip bilmegine şert döretmäge çagyrmaly diýip, olaryň beýanatynda aýdylýar.

Bu çagyryş Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Türkmenistandaky habarçysyna özüni polisiýa ofiseri diýip tanadan adamyň ölüm haýbatyny atmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Türkmen häkimiýetleri Oýunlara gelýän daşary ýurtlylaryň öňünde ýurt abraýyny galdyrmak üçin Aşgabatda alkogolly içgileriň satylmagyny gadagan etdiler, şäher we region ilatynyň paýtagtdaky hereketini çäklendirdiler, ozalky tussaglaryň ýaryşlaryň geçirilýän ýerleriniň golaýynda görünmezligini buýurdylar we eýesiz it-pişikleri ýok etmek, dilegçi çagalaryň köçä çykmagynyň öňüni almak üçin berk çäreleri gördüler.