Köp çagaly eneler hem sylaglanýar, hem 'ala tutulýar'

Çagaly aýal

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 8-nji mart baýramçylygynyň öňüsyrasynda sekiz we ondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren eneleriň onlarçasyna “Ene mähri” diýen hormatly ady dakmak hakyndaky permana gol çekdi.

Mundan öň Berdimuhamedow vurdu[ aýal-gyzlaryna 40 manat möçberinde pul sylaglaryny bermek hakyndaky karara gol çekipdi.

Ýerli synçylaryň bellemegine görä, Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna gelmegi bilen enelere we çagalara berilýän üns garaşsyzlygyň başky ýyllaryndaka garanda biraz ýokarlandy, ýagny çagalar üçin berilýän kömek pullary dikeldildi, işleýän eneleriň çagasy üç ýaşaýança işlemedik ýyllary iş stažyna girizilmeli edildi. Biraz soň bolsa “Ene mähri” diýen hormatly at döredildi.

Bu at berlen enelere “Ene mähri” atly orden gowşurulýar we iň pes aýlygyň on essesi möçberinde pul sylagy berilýär. Ýerli synçylar bu pul sylagynyň Türkmenistan ýaly işsizligiň “höküm sürýän ýurdunda, işleýänleriň aýlygynyň hem hemişe ýeterlik bolmadyk halatynda” begenmeli zatdygyny belleýärler.

Şeýle-de, kanunçylykda bu hormatly ada mynasyp bolanlaryň jaý bilen üpjünçiligi, köp çagaly enelere medisina kömegini bermek ýaly bir topar ýeňillik we kömek göz öňünde tutulýar.

Mysal üçin, 2015-nji ýylda 8-nji mart baýramçylygyna gabat Aşgabatda, Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda ýerleşýän ýokary amatlykly jaýlardan 50 çemesi kwartira sekiz we ondan köp çagaly enelere sowgat berildi. Emma ýerli synçylar, ýaşaýjylar Aşgabatda we regionlarda şol wagtam, häzirem sekiz we ondan köp çagaly we iki-üç otagly jaýlarda mydar edip oturan eneleriň az bolmandygyny, eneleriň ala tutulýandygny belleýärler.

Aýdylmagyna görä, Aşgabadyň irki ýyllarda gurlan mikroraýonlarynda, aýdaly, 6-njy, 30-njy mikroraýonlarda üç otagly kwartiranyň tutýan meýdany 32, 36 kwadrat metr bolsa, iki otagly jaýlaryň meýdany 28, 25 kwadrat metr bolup durýar.

Azatlygyň habarçylary köp çagaly eneleriň ýagdaýynyň oba ýerlerinde has agyrdygyny, olaryň enelere kömek ýa goldaw programmasynda wada berlen ýeňillikleriň köpüsini alyp bilmeýändiklerini habar berýärler.

Aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň tassyklamagyna görä, oba ýerlerinde 6-7 sotuk mellek ýerinde salnan jaýlarda 10-15 adam bolup mydar edýän maşgalalar hem az däl. Şeýle-de ýazyjy oba, etrap ýerlerinde “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolanlaryň, Aşgabatdaky ýaly taýyn jaýdan geçen, giňişräk mellek ýeri berilse-de, üstlerine köşk salnyp berlen ýaly begenjekdiklerini belleýär.

Türkmen mediasy ýurtda aýal-gyzlar, hususan-da çaga terbiýeleýän eneler üçin ähli şertleriň döredilendigini tekrarlaýar. Emma Azatlygyň çeşmeleri bilen söhbetdeş bolýan ýaşaýjylar kanunda eneler, çagalar üçin göz öňünde tutulan medisina, saglygy saklaýayş kömekleriniň hem köpüsiniň kagyz ýüzünde galýandygyny gürrüň berýärler.

4 ýyl çemesi ozal kabul edilen kanun boýunça çagalar 15 ýaşaýança olara edilýän medisina hyzmatlary mugt, tölegsiz bolmaly, emma bu kanun bir ýerde işlese, 10 ýerde işlemeýär” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran aşgabatly ene Azatlyk radiosyna aýtdy.

Onuň sözlerine görä, bu kanundan diňe öz hak-hukugyny gowy bilýän we lukmanlar bilen çekinmän gürleşmegi başarýan eneler peýdalanyp bilýär. Emma lukmanlar beýle ene-atalara, olaryň kanuny talaplaryna hemişe dogry düşünmeýärler, ýagny olary özüne hüjüm edýän adam ýaly görýärler diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy birnäçe lukmandan bu ýagdaýyň sebäbini soranda, olar saglyk öýleriniň her aýda döwlete geçirmeli pul serişdesiniň bardygyny we şol geçirilen pul esasynda özlerine aýlyk berilýändigini, enelere we 15 ýaşdan aşakdaky çagalara edilmeli ýeňillikli kömegiň şu sebäpden kagyz ýüzünde galýandygyny düşündirdi.

Türkmenistan bu gezekki 8-nji mart baýramçylygyny ýurtdaky ykdysady krizisiň çuňlaşmagynyň, benziniň we azyk harytlarynyň ençeme esse gymmatlamagynyňwe dollaryň “gara bazardaky” nyrhlarynyň rekord derejede ýokarlanmagynyň fonunda garşylaýar.

Şeýlelikde, türkmen prezidentiniň adyndan aýal-gyzlara sowgat berlen pul “gara bazar” kursunda 3-3,5 dollar möçberindäki sylag bolýar. Şol bir wagtda regionlarda bu 3,5 dollary hem entek alyp bilmedik zenanlaryň az däldigi aýdylýar.

Şu aralykda Täjigistanyň prezidentiniň ogly, Duşenbäniň häkimi Rustam Emomali 8-nji mart we Nowruz baýramçylyklaryna gabatpaýtagtyň köçe süpürijilerine 113 dollar möçberinde pul sylagyny bermek hakyndaky karara gol çekdi.