Daşoguzlylar Gazagystana we Özbegistana migrantlyga ýykgyn edýärler

Türkiýä goýberilmeýän daşoguzlylaryň Özbegistana we Gazagystana geçip başlandygy aýdylýar. Arhiw suraty.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady krizisiň fonunda, raýatlaryň eklenç gözleginde zähmet migrantlygyna gidýän ýurtlarynyň köpelip başlandygy öňe sürülýär.

Soňky wagtlarda käbir daşoguzlylaryň Özbegistana we Gazagystana geçmäge ýykgyn edýändigi habar berilýär. Şol sanda türkmenistanly migrantlaryň ýykgyn edýän esasy ýurtlarynyň başyny çekýän Türkiýä goýberilmeýänleriň hem indi Özbegistana we Gazagystana geçip başlandygy aýdylýar.

Bu ugurda Azatlyk Radiosyna Daşoguzdan maglumat iberen bir diňleýjimiz:

"Men düýn Daşogzuň migrasiýa edarasyna bardym. Ol ýerde maňa Türkiýä we Dubaýa gidýänleriň tas ýüzden 90 böleginiň yzyna dolanmaýandygyny, şeýle-de soňky wagtlarda daşoguzly türkmenleriň Özbegistan bilen Gazagystana geçip başlandygyny aýtdylar. Ol ýurtlara geçýänleriň arasynda dogan-garyndaşlary şol goňşy döwletlerde bolanlar hem bar. Adamlar serhetden wizasyz geçmek düzgüniniň 6 ýyl bäri ýapykdygyna garamazdan, goňşy ýurtlara gidýärler. Olar Daşoguzda iş ýokdugy we çagalaryny ýokary okuw jaýlarynda okatmagyň hem uly para durýandygy sebäpli ýurdy terk edip, goňşy döwletlere ýykgyn etmäge başladylar" diýip ýazýar.

"Daşoguzlylaryň ýurduny taşlap gitmeginiň ýene bir sebäbi bolsa, syýasatyň erbetleşmegi bilen adamlaryň Türkmenistanyň geljegine ynamyny ýitirmegidir. Toý-märekede başdan geçirilýän ýagdaýlar barasynda pikiriňi erkin aýdaýsaň, 2 sagatdan howpsuzlyk komitetiniň edarasyna çagyryp: ‚Syýasat bilen näme işiň bar' diýip, basyş astyna alýarlar" diýip, Azatlyk Radiosyna maglumat ýollan daşoguzly diňleýjimiz aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky ýerli çeşmeleri hem welaýatda şeýle ýagdaýyň bardygyny tassyklap, ykdysady krizis sebäpli dörän gytçylygyň we güzeran kynçylyklarynyň üstesine howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň halky yzygiderli ýagdaýda basyş astynda saklap, ýokarda agzalşy ýaly azar berip durandygy üçin, käbir adamlaryň indi ýurdy ymykly terk etmäge başlandygyny ýa-da bu ugurda taýýarlyk görýänleriň barha köpelýändigini aýdýarlar.

Golaýda Stambula gelip Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan sany ýigrimä golaý daşoguzly zähmet migrantlarynyň aýtmagyna görä, Aşgabadyň aeroportyndan daşary ýurda goýberilmeýänler indi Özbegistanyň we Gazagystanyň üstünden çykmaga başlapdyrlar.

"Bizi Stambula işlemäge gaýtjak bolanymyzda, Aşgabadyň aeroportyndan birnäçe gezek yzymyza gaýtardylar. Synanyşyk başa barmansoň we daşary ýurda çykmak üçin soralýan para-peşgeşi bermäge gurbumyz çatmansoň, alternatiw ýollar gözlemäge başladyk. Ahyrynda käbirimiz Daşoguzdan Özbegistana, käbirimiz hem Gazagystana geçip, soň ol ýerden Stambula aşdyk. Serhetden geçirýän ýörite adamlar bar we olara 300 amerikan dollary möçberinde para berseň, seni Gazagystana ýa-da Özbegistana geçirip goýberýärler. Ol-a toý-märekede ekeni, ýöne özara gürrüň edip duran hem bolsaň howpsuzluk komitetiniň işgärleri ‚Näme hakda gürrüň edýäňiz? Nämäniň maslahatyny edýäňiz? Näme etjek bolýaňyz? Üýşüp durmaň, hany derrew dargaň‘ görnüşinde sözler aýdyp, derrew basyş astyna alýarlar. Owalam işsiz, güzeran kynçylygyndan kösenip duran adamlara olaryň berýän şeýle azarlary gaty agyr täsir edýär we olaryň ýurdy terk etmegine sebäp bolýar. Biz hem indi yzymyza gaýtmakçy däl, sebäbi ol ýerde ýaşar ýaly şert galmady” diýip, golaýda Türkiýä gelen daşoguzly zähmet migrantlary Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Sözi jemläp aýtsak, ýokarda agzalýan ýagdaýlar barasynda, degişli türkmen resmilerinden nähilidir bir kommentariýa almak Azatlyk Radiosyna başartmady.