Aşgabadyň telefon terminallary

Aşgabadyň käbir ýaşaýjylary hususy firmalar tarapyndan ýerleşdirilen telefon terminallarynda salan pulunyň öz mobil telefonlaryna geçirilmeýändigini aýdýarlar.

Döwlete degişli dükanlaryň, super marketleriň, käbir edara-kärhanalaryň öňünde ýerleşdirilen bu terminallar pul salnandygy baradaky kepilnamany, ýagny töleg çekini hem müşderä bermeýär diýip, ýaşaýjylar belleýär.

Bu ýagdaýyň, esasan, “Altyn asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşyp işleýän “Türkmen Tilsimat Hojalyk jemgyýeti” hususy kärhanasyna degişli terminallarda gaýtalanýandygy aýdylýar.

Müşderileriň aýtmagyna görä, “Türkmen Tilsimadyň” edara jaýynda oturan hünärmenler puluň müşderiniň mobil telefonyna näme üçin geçmeýändigine düşündiriş berip bilmeýärler.

“Altyn asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Aşgabatdaky edarasy

“Altyn asyryň” merkezi ofisiniň işgärleri telefon terminallaryndaky bökdençlikler barada anyk düşündiriş bermän, özleriniň “Türkmen Tilsimat” hususy kärhanasynda edilýän işlere jogap berip bilmeýändigini aýdýarlar diýip, ýaşaýjylar belleýär.