Adam hukuklaryna gözegçilik edýän “Amnesty International” guramasy Birleşen Milletler Guramasynyň Aýallaryň hukuklarynyň kemsidilmegini ýok etmek bardaky komitetiniň 2-20-nji iýul aralygynda geçiriljek 70-nji sessiýasynyň öňýanynda, Türkmenistanda aýallaryň hukuklarynyň ýagdaýy barada ýörite beýanat ýaýratdy.
Guramanyň 23-nji maýda çap eden maglumatyna görä, beýanatda Türkmenistanda jynsyýete esaslanýan ýowuzlyklar, gynamalar we beýleki gazaplylyklar, ýaşaýyş jaý hukuklary hem-de zyýanly stereotipler bilen ilteşikli meselelere üns çekilýär.
“[Türkmen] hökümetiniň periodik hasabatlarynda hem bellenilişi ýaly häzirki wagt Türkmenistanda maşgaladaky ýowuzlyklary yzarlaýan ýa-da sud jogapkärçiligine çekýän ýörite kanun ýok. Şuňa meňzeş jenaýatlary amala aşyranlar ýurduň Jenaýat Kodeksiniň beýleki maddalary esasynda sud edilýär. Şol maddalaryň arasynda ‘Adam saglygyna bilkastlaýyn ujypsyz zeper ýetirmek’ baradaky 111-nji madda bolup, bu madda boýunça günäli tapylan raýat 20 aý zähmet hakyndan mahrum edilýär, ýa 1 ýyla çenli düzediş zähmetine çekilýär ýa-da alty aýa çenli türme tussaglygyna höküm edilýär” diýlip, beýanatda bellenilýär.
Gurama, 2018-nji ýylyň maý aýyndaky Uniwersal periodik synyň dowamynda Türkmenistana berlen bäş maslahatyň biriniň maşgaladaky ýowuzlygy jenaýatlaşdyrýan kanunçylygy güýje girizmek zerurlygy barada bolandygyny hem nygtaýar. “Şonda Türkmenistanyň hökümeti bu maslahatlary kabul edýändigini mälim edipdi” diýip, beýanatda aýdylýar.
Şeýle-de, “Amnesty International” guramasy ýurduň kanunçylygynda aýallaryň we erkekleriň deňligi tekrarlansa-da, zenanlara garşy syýahat, egin-eşik we awtoulag sürmek bilen baglanyşykly ençeme çäklendirmeleriň girizilendigine ünsi çekýär.
“Ýurtda öňki prezidentiň döwründe girizilen milli egin-eşikleri geýmek baradaky talap yzygiderli güýçlendirilýär. Erkekler gara kostýum-balak geýip, galstuk dakmaly wagty, zenanlar gymmatbaha milli geýimler üçin pul sarp etmeli bolýarlar. Bu talap ähli halka, hususan-da, döwlet edara-kärhanalarynda işleýänlere degişlidir. 2018-nji ýylyň martynda Aşgabatdaky zenan döwlet işgärlerine saçlaryny reňklemezlik, dyrnaklaryny we kirpiklerini boýamazlyk tabşyryldy” diýip, gurama şu ýylyň fewral aýynda bolsa, zenanlaryň sürüjilik şahadatnamasynyň möhleti tamamlananda, olaryň gaýtadan uzaldylyp berilmejekdiginiň duýdurylandygy barada maglumatlaryň hem bardygyny belleýär.
Düýbi Londonda ýerleşýän gurama beýanatynyň ahyrynda resmi Aşgabat ýokarda agzalan çäklendirmelerden el çekmelidir hem-de gelejekde-de aýallaryň hukuklaryny bozýan we Türkmenistanyň BMG-niň Aýallaryň hukuklarynyň kemsidilmegini ýok etmek baradaky komitetindäki borçnamalarynyň esasyna gabat gelmeýän şuňa meňzeş çäklendirmeleri girizmekden saklanmalydyr diýýär.