Bill Geýts: Bu üç kitap maňa täze dünýäniň gapysyny açdy

Bill Geýts

Bill Geýtsiň kitap okamagy söýýändigi hiç kim üçin gizlin syr däl. “Microsoft” firmasynyň döredijisi her agşam kitap okaýar. Ol öz blogunda ýüzlerçe kitap hakda garaýşyny beýan edýär. Özi hem halaýan kitaplarynyň sanawyny häli-şindi paýlaşýar. Geýts, esasan özüne durmuşa başgaça seretmäge we dünýägaraýşyny kämilleşdirmäge kömek edýän kitaplary saýlap alýar.

Bill Geýts blogunda ýazan garaýyşlarynyň birinde tanymal epidemiolog Uilýam Foik bardaky garaýşyny beýan etdi. Doktor Foik, Geýtsiň gaty irki maslahatçysydyr. Foik ençe ýyl mundan owal tehnologiýa milliarderinde jemgyýetiň saglygy meselesinde gyzyklanma döremegine sebäp bolupdyr.

Üç kitap

Foik 1999-njy ýyldan başlap Bill we Melinda Geýtsleriň maslahatçysy bolupdyr. Şondan bäri hem olaryň halkara saglygy saklaýyş ugrunda alyp barýan haýyr-sahawat işlerine maglumat goldawyny berýär. Foik, Geýtsiň sowallaryna jogap bermekden we oňa ylmy maslahatlar bermekden daşaryn, bütindünýä saglygy saklaýyş meseleleri barada 81 kitap bilen hasabatlar sanawyny hem gowşurypdyr.

“Bu kitaplaryň ählisi maňa täze dünýäniň gapylaryny açdy. Uilýam garyplyga we ýokanç kesellere garşy göreşmek islegini maňa hem ýokuşdyrdy” diýip, Geýts ýazýar.

Bu kitaplaryň arasynda ylaýta-da üç sanysy aýratyn üns çekýär:

Donald R. Hopkins – “Şazadalar we obalylar – taryhda mama keseli” (Princes and Peasants – Smallpox in History)

Bu kitapda Hopkins mama keseliniň taryhyny jikme-jik gürrüň berýär. Kitap 1983-nji ýylda “Pulitzer” baýragyna mynasyp bolupdyr. Ýatlamaly bolsa, mama taryhda medisina tilsimi bilen ýok edilen ilkinji keseldir.

Gordon Harrison – “Çybynlar, gyzdyrma we adam: 1880-nji ýyldan bäri duşmançylygyň taryhy“ (Mosquitoes, Malaria&Man: A History of the Hostilities Since 1880)

Melinda we Bill gyzdyrma garşy sanjym kampaniýasynda

Bu kitap gyzdyrmanyň taryhy hakyndadyr. Geýts fondy bu keseli ýer ýüzünden ýok etmegi maksat edinipdir. Fonduň internet sahypasynda şeýle diýilýär: “Dünýäde ýeterlik derejede ökdelik, ylmy barlag we ösüş üçin ullakan maýa goýum, täze transformasiýa usullary we ornaşdyryş strategiýalary bolsa, gyzdyrmanyň düýbünden ýok edilmegi ýaly beýik maksatlara ýetmek mümkindir”.

Bütindünýä banky – “Saglygy saklaýyşa maýa goýmak: 1993-njy ýyl üçin bütindünýä ösüş hasabaty“ (Investing in Health: World Development Report 1993)

Bill Geýts Bütindünýä bankynyň bu hasabatyna “Dünýäniň saglygyna maýa goýulmagy barada iň ähmiýetli döwrebap hasabat” diýip, baha berýär.

Geýtsiň garaýşy

Geýts fondunyň gyzdyrmany ýer ýüzünden ýok etmek ýaly beýik maksadynyň aňyrsynda onuň özünde jemgyýetiň saglygy barada soň dörän gyzyklanmasy ýatýar. Geýtsiň bu ugra bildirýän gyzyklanmasy diňseň güýçli. Ol bir gezek 2009-njy ýylda geçirilen TED ylmy ýygnagynda bihabar oturan märekäniň üstüne bir topar çybyny uçuryp goýberipdir. Ol şeýle etmek bilen adamlara jemgyýetiň saglygynyň her birimizi biynjalyk etmeli meseledigini düşündirmek isläpdir. “Munuň diňe garyp adamlaryň duçar bolmagy üçin hiç hili sebäp ýokdyr” diýip, Geýts aýdýar.

Tehnologiýa ägirdi, ABŞ-nyň dünýäde saglygy saklaýyş ugrunyň kämilleşmeginde has uly rol oýnamagynyň gerekdigini öňe sürýär. ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 2017-nji ýylda döwletiň daşarky kömeklere berýän býujet paýynyň 31% kemeldilmegini teklip edende, Geýts şeýle diýipdi: “Men Amerikanyň dünýädäki garyplaryň saglygy we abadançylygy üçin maýa goýmagyna esasy tarapdarynyň biri. Ýöne gynansagam käbir adamlar başgaça garaýyşda”.

Onuň öňe sürmegine görä, “dünýäde haýsam bolsa bir ýerde adamlaryň ýagdaýy gowulananda hemmämiz üçin ýagşy bolar”.

Geýts, U. Foikiň bolsa bu kitaplara bütindünýä saglygy saklaýyş toparyndan daşarda bolan adamlaryň uly gyzyklanma bildirmegine diýseň geň galandygyny ýazýar.

“Ýüze çykan ýagdaýlara ynanar ýaly däl. Bütindünýä saglygy saklaýyş meselesi ylmyň ahyrky garaňky otaglarynda galypdy. Ol ýere barmak isleýänler öz ýoluny özi gözläp tapmalydy. Häzir bu ýagdaý düýpgöter üýtgedi we bary-ýogy birnäçe ýylyň dowamynda ol yzly-yzyna birnäçe okuw jaýynda iň meşhur ugurlaryň birine öwrüldi” diýip, Foik aýdýar.