Aşgabada güýçli sil geldi, ýollary, jaýlaryň ýerzeminlerini suw basdy

13-nji aprelde, dowamly ýagyşlardan soň, Türkmenistanyň paýtagtyna ýene sil geldi diýip, "turkmen.news" neşiri öz çeşmelerine salgylanyp, habar berdi.

Neşiriň çap eden wideosynda Aşgabadyň köçlerini basan bulanyk suwuň içinden ýöräp barýan maşynlar görünýär.

"10 ýyl Abadançylyk", "Ýubileýnaýa" köçelerini we Nebit-gaz toplumynyň ýanyndaky ýollary, "Parahat" etrapçasyny sil basandygy habar berilýär.

"Parahat -4" etrapçasynda ýaşýayş jaýlarynyň ýerzeminleri, "Berkarar" söwda merkezini ýene suw basdy diýip, habarda aýdylýar.

2018-nji ýylyň maýynda gelen silde hem Aşgabatdaky “Berkarar” söwda merkeziniň aşaky gatlaryny suw aldy.