Türkmen görnüşleri - 16-njy hepde
Aşgabadyň köçesinden ýöräp barýan bir ýaşuly. Azatlygyň ýerli habarçylary bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanlylar pyýadalar üçin niýetlenen ýerasty we ýerüsti geçelgeleriň köpüsiniň amatly däldigini, olaryň aralarynyň uzakdygyny, şol sebäpdenem adamlaryň rugsatsyz ýerlerde-de köçeleri kesip geçmeli bolýandyklaryny gürrüň berýärler.
Taksi saklajak bolup duran ýaşlar. Soňky iki hepdä golaý wagtyň dowamynda paýtagtda öz hususy awtoulaglarynda ýolagçy gatnatmak hyzmaty hödürleýänleriň sany öňküsinden esli azaldy, şol bir wagtda-da bahalar ýokarlandy.
Türkmenbaşy şäheriniň merkezi.
Aşgabatda ýagyş ýagýar. Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary dowamly ýagan ýagyşlardan soň gelen siliň şäheriň köçelerini basandygyny, jaýlara, ýerzeminlerdäki edara jaýlaryna zyýan ýetendigini, paýtagtlylaryň tebigy hadysanyň netijeleri bilen başa-baş galandyklaryny, ýolagçy otlusynyň gatnawynyň togtadylandygyny habar berýärler.
Awtobus duralgasynda oturan mekdep okuwçylary. Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylarynyň we diňleýjileriniň sözlerine görä, paýtagt ýaşaýjylarynyň şäherde ulagly hereket etmegi çürt-kesik kynlaşypdyr. Jemgyýetçilik transporty hyryn-dykyn, resmi taksileri çagyrmak köp wagty talap edýär, ilat arasynda meşhur hususy ulaglar köplenç tapdyrmaýar.
Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň maglumatlaryna görä, paýtagtyň jemagat edaralarynyň işgärlerini iş wagtyndan daşary işlemäge, ýagny gijelerine köçeleri ýuwup, süpürmäge mejbur edýärler.