Zähmet hukuklary boýunça halkara forum (International Labor Rights Forum) türkmen aktiwsiti Gaspar Matalaýewe pagta ýygymy mahalynda mejbury zähmetiň ulanylmagy bilen bagly problemalary beýan edendigi üçin “Zähmet hukuklaryny goraýjy” sylagy bilen sylaglady diýip, “Turkmen.news” neşiri habar berýär.
Bu sylagyň berilmegine bagyşlanan dabara 22-nji maýda, Waşingtonda boldy.
G.Matalaýew häzirki wagtda Türkmenistanda üç ýyllyk türme möhletini geçirýär. Aktiwist 2016-njy ýylyň oktýabrynda, Farap etrabynda mejbury zähmetiň ulanylyşy barada taýýarlan fotoreportažy çap edileninden iki gün soňra tussag eedildi.
Neşir onuň tussaglyk wagtynda elektrik togy bilen gynalandygyny we kezzaplyk hem-de para bermek synanyşygy aýyplamasyny boýun almaga mejbur edilendigini öňe sürýär.
Geçen hepde Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasynyň öňünde aktiwist Gaspar Matalaýewyň türmeden boşadylmagyna çagyryp, 20-den gowrak adam piket geçirdi.