Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasynyň öňünde Gaspar Matalaýewiň azat edilmegine çagyryş edildi


Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasynyň öňünde aktiwist Matalaýewiň azat edilmegine çagyryş edildi
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:40 0:00

Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasynyň öňünde aktiwist Matalaýewiň azat edilmegine çagyryş edildi

Çarşenbe güni Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasynyň öňünde türkmen türmesinde saklanylýan aktiwist Gaspar Matalaýewyň azat edilmegine çagyryş edilip piket geçirildi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Waşingtondaky habarçysy maglumat berýär.

Gaspar Matalaýewyň 2016-njy ýylda Türkmenistanda tussag edilmegi, onuň şol ýylyň pagta ýygym kampaniýasynyň dowamynda çaga zähmetiniň giňden ulanylmagy barada taýýarlan reportažynyň çap edilmeginiň iki gün yzýanyna gabat gelipdi.

Gaspar Matalaýew
Gaspar Matalaýew

Habarçynyň maglumatynda görä, iIlçihananyň öňüne 17 töweregi adam toplanypdyr. Olar Matalaýewyň azat edilmegine çagyrýan petisiýasyny hem getirdiler. Petisiýa dünýä boýunça 100 müň töweregi adam gol goýupdy.

Emma, türkmen ilçihanasynyň resmilerinden hiç hili jogap bolmady. Petisiýa ilçihananyň bukjasyna oklandy.

Munuň yzy bilen, ilçihananyň resmileri polisiýany çagyrdylar. Polisiýa mitingiň ahyryna gelip, ilçihananyň öňüni böwetlemezligi soradylar.

Mitingde: "Biz Gaspar Matalaýewiň tussaglygyna garşy protest bildirmek üçin bu ýere geldik; Biz Türkmenistandaky mejbury zähmete protest bildirmek üçin bu ýere geldik! Biz Türkmenistanda erkin sözüň we azat metbugatyň bolmagyny goldap bu ýere geldik! Gaspar Matalaýew azat edilsin!" diýen şygarlaryň gygyrylandygy barada turkmen.news neşiri maglumat berýär.

G.Matalaýew adamlaryň toplanýan ýerlerine we pagta meýdanlaryna ençeme gezek baryp, işden kowulmak howpy astynda pagta ýygmaga mejbur edilýän saglyk işgärlerinden, mugallymlardan, beýleki döwlet gullukçylaryndan näme üçin olaryň öz iş ýerlerinde, mekdep klaslarynda ýa lukmanyň iş otagynda bolman, gowaça meýdanlaryna gidýändiklerini sorady. Gaspar öz ene-atalarynyň deregine ýa-da hakyna tutulyp, okuwyny taşlap, pagta ýygmaga gidýän mekdep okuwçylary bilen hem gürleşdi.

XS
SM
MD
LG