Türkmenistanyň baş diplomaty “C5+1” duşuşygyna gatnaşdy, Gazagystanyň prezidenti bilen duşuşdy

"C5+1" formatyndaky ýokary derejeli duşuşyga gatnaşyjylar.

21-nji awgustda Nur-Soltan şäherinde "C5+1" formatyndaky ýokary derejeli duşuşyk geçirildi diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň saýty habar berýär.

Bu duşuşyk ykdysadyýet, ekologiýa we howpsuzlyk ulgamlarynda Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy bilen ABŞ-nyň arasyndaky özara hereketleriň köptaraplaýyn guraly bolup durýar diýip, habarda aýdylýar.

Nobatdaky duşuşyga Merkezi Aziýanyň (Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň) daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary we ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Dewid Heýl gatnaşdy.

Degişli maglumat Türkmen mediasy Berdimuhamedow-Medwedew "dostlugyny" mahabatlandyrýar (WIDEO)

Duşuşygyň gün tertibine sebitde ykdysady howpsuzlygyň we hyzmatdaşlygyň saklanylmagy, Owganystanda parahatçylygyň ýola goýulmagy, Merkezi Aziýada howpsuzlygyň üpjün edilmegi ýaly derwaýys meseleler girizildi.

Şeýle-de saýt türkmen DIM-niň başlygy Reşit Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew tarapyndan kabul edilendigini habar berýär.

Mundan başga, Türkmenistanyň baş diplomaty gazak kärdeşi Beýbut Atamkulow, ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Dewid Heýl bilen hem duşuşdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.