Türkmen görnüşleri - 40-njy hepde

"Awaza" kenary. Türkmenistanda aýal-gyzlara "bikini-kupalnik" diýilýän suwa düşülýän eşiklerde suwa düşmek gadagan edildi, olar indi suwa köýnekli düşýärler. Sentýabr, 2019. 

Türkmenistanyň şäherlerindäki ýaşaýyş jaýlarynyň ýerzeminlerinde köp duşýan ýagdaý: turbalardan suw syzýar, ýerzeminlerde hapa suw toplanýar we porsaýar. Ýaşaýajylar "ol ýerde dem alar ýaly" däl diýýärler.

Aşgabat. Bankomatdan pul çekýän aýal. Türkmenistanda käte öz puluňy nagtlaşdyrmak hem problema bolýar. Sentýabr, 2019.
 

Aşgabadyň şäher häkimi Şamuhammet Durdylyýew jaýlaryň girelgesinde goýlan sowadyjylary aýyrtmagy buýurdy, ýaşaýjylar olary öň jaýlaryň balkonlaryndan we beýleki görünýän ýerlerinden aýyrmaly bolupdy. Sentýabr, 2019.

Baýramçylyga taýýarlyk: Baglaryň şahalaryny kesmeli. Aşgabat, sentýabr, 2019.

Aşgabat, 10-njy etrapçada gaz partlamasy bolan jaýyň täzelenen görnüşi. Sentýabr, 2019.

 

Jemagat hojalygy gullugynyň işgärleriniň esasan aýallardan ybarat bolup, paýtagtda az aýlyk bilen köp işledilýän adamlardygy aýdylýar. Aşgabat, sentýabr, 2019.