AÝ/AR žurnalistleriniň 2019-njy ýyldaky iň gowy suratlary

Ukrainanyň prezidentligine dalaşgäri Wolodymyr Zelenskiý saýlawlaryň netijesi – Exit-poll yglan edilenden soň. Kiýew, 21-nji aprel. (Serhii Nuzhnenko, AÝ/AR)

Ukrain esgerleri Donetsk aeroportunyň goragynyň dört ýyllygyny belleýärler. Kiýew. 2019-njy ýylyň 20-nji ýanwary, (Serhii Nuzhnenko, AÝ/AR)

Ekspertler Podgoriside awtomobil partlamasynyň bolan ýerinde barlag geçirýärler. Çernogoriýa. 2019-njy ýylyň 3-nji fewraly. (SavoPrelevič, AÝ/AR)

Aýal 2014-nji ýylyň rewolýusiýasynda wepat bolanlaryň hatyrasyna Kiýewde döredilen Arşdaky gahrymanlar alleýasynda. Ukraina, 2019-njy ýylyň 18-nji fewraly, (Serhii Nuzhnenko, AÝ/AR)

Almaty şäherindäki garaşsyzlyk monumenti hem dolan Aý. Gazagystan, 2019-njy ýylyň 18-nji fewraly, (Pyotr Trotsenko, AÝ/AR)

Biýertan obasy hem onuň merkezindäki kilise garyň astynda. Rumyniýa, 2019-njy ýylyň 20-nji fewraly, (Amos Chapole, AÝ/AR)

Işçi Bişkegiň kanalizasiýa ulgamyny barlaýar. Gyrgyzystan, 2019-njy ýylyň 23-nji fewraly, (Gulzhan Turdubaeva, AÝ/AR)

Gyrgyzystanyň Çuý welaýatynda ata münen oglan. 2019-njy ýylyň 23-nji fewraly, (Gulzhan Turdubaeva, AÝ/AR)

Minskide Real Men Race ýaryşyna gatnaşyjylar, Belarus. 23-nji fewralda Watany goraýjylaryň güni mynasybetli geçirilen «Diňe erkekler üçin» diýilýän bäsleşige üç müňe golaý adam gatnaşdy. (Uladz Hrydzin, AÝ/AR)

Bişkekde geçen K-1 kikboksing ýaryşyna gatnaşyjylar. Gyrgyzystan, 2019-njy ýylyň 25-nji fewraly, (Gulzhan Turdubaeva, AÝ/AR)

Belarusdaky Tonež obasynyň ýaşaýjylary bahary garşy alyş pursadynda, 2019-njy ýylyň 10-njy marty. Halk däbine görä, baharyň başlangyjyny kiçijik «çiraçka» ördekleriň gelmegi bilen baglanyşdyrýarlar. (svoboba.org, AÝ/AR)

Ýangyn söndürijiler Bakuwyň «Diglas» söwda merkezinde. Azerbaýjan, 2019-njy ýylyň 26-njy marty (Azadliq Radiosu, AÝ/AR)

Lwowdaky bir howluda gözden düşen oýunjaklar. Ukraina, 2019-njy ýylyň 4-nji apreli. Lwowyň köne bölegindäki bu adaty şäher howlusy häzir oýunjaklaryň sergä çykarylan wagtlaýyn muzeýine öwrüldi. (Amos Chapole, AÝ/AR)

Aýal Belgradda hökümete garşy geçýän demonstrasiýany surata düşürýär. Serbiýa, 2019-njy ýylyň 6-njy apreli (Aleksandar Andič, AÝ/AR)

Suwuň ýüzündäki şekil, Kazan. Russiýa, 2019-njy ýylyň 8-njy apreli (Andrey Grigorev, AÝ/AR)

Balhar obasyndaky at çapyşygy, Dagystan, Russiýa, 2019-njy ýylyň 6-njy apreli (North Caucasus Service, AÝ/AR)

Pankisi jülgesinde ýanan awtoulaglar. Ýerli ýaşaýjylar Birkiani obasynyň golaýyndan gurulmagy göz öňünde tutulan gidroelektrostansiýasynyň gurluşygyna garşy durýarlar. Gürjüstan, 2019-njy ýylyň 21-nji apreli (Giorgi Aladahsvili, AÝ/AR)

Gyzjagaz, güller hem poliseýler Almatydaky garşy duruş aksiýasy wagtynda. Gazagystan, 2019-njy ýylyň 1-nji maýy, (Pyotr Trotsenko, AÝ/AR)

Lernawan obasynyň çopany. Ermenistan, 2019-njy ýylyň 18-nji apreli, (Amos Chapole, AÝ/AR)

Şarlottenburg tegelek obasy, ony 1700-nji ýyllaryň ahyrynda bu ýere göçüp gelen germanlar gurupdyr. Şu oba bagyşlanan web-sahypanyň menejeri Rumyniýada ýaşap geçen Gabsburglar imperiýasy döwründe, obanyň giçki barokko usulunda ‘gurlandygyny’ Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi. Rumyniýa, 2019-njy ýylyň 20-nji maýy, (Amos Chapole, AÝ/AR)

Ýaşy gaýdyşan adam Brestdäki ýewreý gettosynyň ýanynda. Belarus, 2019-njy ýylyň 22-nji maýy, (Uladz Hrydzin, AÝ/AR)

Donetsk aeroportunyň golaýyndaky taşlanan Opitnoe obanyň bir ýaşaýjysy, ol ýer Donbassdaky söweş gidýän zolaga degişli. Ukraina, 2019-njy ýylyň 4-nji iýuny, (Serhii Nuzhnenko, AÝ/AR)

Polisiýa Almatynyň merkezinde 2019-njy ýylyň 10-njy iýunynda, rugsat berilmedik mitingiň öň ýanynda bir adamy tutdular. (Pyotr Trotsenko, AÝ/AR)

Artemsol duz käni. Bu ýerde işlän geologlaryň aýtmagyna görä, 1881-nji ýylda ulanyşyga başlanaly bäri azyndan 5% duz gatlagy çykarylypdyr. (Amos Chapole, AÝ/AR)

Din wekilleri hem toplanan jemagat miting wagtynda, Russiýanyň Döwlet dumasynyň deputatynyň ýurda gelmegine garşylyk bildirýärler. Tbilisi, Gürjüstan, 2019-njy ýylyň 21-nji iýuny (Dato Koridze, AÝ/AR)

Moskwa şäheriniň deputaty Aleksandra Paruşinanyň depesine Moskwa polisiýasy uranyndan soňra, ony polisiýa saklady. Russiýa, 2019-njy ýylyň 27-nji iýuly (Anton Sergienko, AÝ/AR)

Ukrain režissýory Oleg Sentsow Russiýa bilen Ukraina ýesirleri alşandan soňra. 2019-njy ýylyň 7-nji sentýabry, (Serhii Nuzhnenko, AÝ/AR)

Bosniýa we Gersogowinada ilkinji gezek LGBT toparynyň Saraýewonyň köçesinde geçiren ýörişine gatnaşyjylar, 2019-njy ýylyň 8-nji sentýabry, (Midhat Poturovic, AÝ/AR)

Belarusly uzynlygyna böküji Nastasiýa Mironçik-Iwanowa Minskide geçen «Ýewropanyň hem ABŞ-yň ýaryşy» halkara oýunlarynda. Belarus, 2019-njy ýylyň 10-njy sentýabry, (Uladz Hrydzin, AÝ/AR)

Musulmanlaryň Aşura hatyra gününe ýygnanan mähelle, Baku. Azerbaýjan, 2019-njy ýylyň 10-njy sentýabry.

Ukrain soldaty Donetsk oblastynyň Bogdanowka obasynyň golaýynda garym gazýar. Ukraina, 2019-njy ýylyň 26-njy sentýabry, (Andriy Dubchak, AÝ/AR)

Toma atly gyzjagaz öz gapylaryndaky howluda oýnaýar, olaryň jaýyndan birnäçe ýüz metr aňyrda uruş liniýasy bar. 2017-nji ýylyň iýulynda Russiýa tarapyndan goldanylýan separatistler Ukrainanyň kiçijik şäheri Marinkany minomýot okuna tutanda, Toma top okunyň gyçagyndan, garnyndan ýaralandy. (Andriy Dubchak, AÝ/AR)

Belarusda 2019-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň döredilmeginiň 70 ýyllygynyň baýram edilişi. (Uladz Hrydzin, AÝ/AR)

Hyrat welaýatyndaky zagpyran meýdany, Owganystan, 2019-njy ýylyň 17-nji noýabry, (Shapoor Saber, AÝ/AR)

Polisiýa Gürjüstanyň parlamentiniň öňüne ýygnanan demonstrantlary dargadýar. Tbilisi, Gürjüstan, 2019-njy ýylyň 18-nji noýabry (Mzia Saganelidze, AÝ/AR)

Saraýewonyň ýaşaýyş jaýlary, Bosniýa we Gersogowina, 2019-njy ýylyň 29-njy noýabry (Midhat Poturovic, AÝ/AR)

Gur-Emir mawzoleýinden çykyp barýan zyýaratçy, Samarkantdaky Emir Timuryň hem timurlar toparynyň aramgähi. Özbegistan, 2019-njy ýylyň 29-njy noýabry (Pyotr Trotsenko, AÝ/AR)

Belarus bilen Russiýanyň integrasiýasyna garşy protestler, Minsk, 2019-njy ýylyň 7-njy dekabry (svoboda.org, AÝ/AR)

Ukrain soldaty hem Awdeýewkanyň golaýyndaky Butowka şahtasynyň ýanyndaky minalanan ýer, Ukrainanyň Donetsk oblasty, 2019-njy ýylyň 7-nji dekabry (Andriy Dubchak, AÝ/AR)