Mundan 100 ýyl öňki durmuş: 1919-njy ýylyň fotogalareýasy

Donald Tompson («Lesliniň gündeligi» neşiriniň fotografy, çepde) hem-de ABŞ armiýasynyň kapitany hökmünde tanalýan Kingmor Ýekaterinburgda aýazly howada kino düşürýär

ABŞ-yň 26-njy prezidenti Teodor Ruzweltiň Nýu-Ýorkdaky Oýster-Beý gonamçylygynda jaýlanyşy, 1919-njy ýylyň 8-nji ýanwary

Berliniň Brandenburg derwezesiniň Ýanwar gozgalaňy döwründäki görnüşi, kommunistler Germaniýanyň hökümetini ele almak üçin, şowsuz synanyşyk edipdiler

ABŞ armiýasynyň 69-njy diwiziýasy Birinji Jahan urşundan, öýüne gaýdyp barýar

1919-njy ýylda uruş netijesinde harap bolan Appace (Fransiýa) demirýol duralgasynyň alnyndaky meýdança şeýle görünýär

Iosif Staliniň, Wladimir Leniniň hem Mihail Kalininiň Bolşewikler (kommunistik) partiýasynyň Moskwada geçen 8-nji gurultaýyndaky duşuşygy. 1919-njy ýylyň marty

Aktýor hem komik Çarli Çaplin «Güneşli tarap» gysga metražly filmden stop-kadrda. Bu filmde ol baş rolda oýnapdy, şeýle-de filmiň režisýory we ssenariniň awtorydyr

Waşingtonyň (ABŞ-yň Kolumbiýa okrugy) Milli haýwanat parkynda her ýylda geçirilýän ýumurtga togalamak bäsleşigi, oňa 55 müňden gowrak adam gatnaşýardy

Kentukkide 44-nji Derbi ýaryşynda arassa ganly atlaryň çapyksuwary ser Baton ýeňiji bolansoň, ‘1919-njy ýylyň maýy’ ýazgysynyň öňünde portret üçin surata düşdi. Mundan üç ýyl öň Üç Jygaly ýaryşyň (üç ýaşly atlaryň üç tapgyr çapyşygyndan ybarat ýaryş) ilkinji ýeňijisi bolupdy.

Bu fotosurat Owganystandaky göçüp-gonýan çarwalaryň durmuşyny görkezýär. 1919-njy ýylda surata alnan bu fotografiýanyň taryhy ýitirilip; diňe elde ýazylan ýazgy galypdyr

Jon Alkok hem Artur Witten Irlandiýadaky Klifdende ilkinji gezek Atlantik okeanynyň üstünden gonman uçup geçen Wikkers Wimi bombalaýjy uçaryň ýanynda, 1919-njy ýylyň 15-nji iýunynda olar uçary tötänleýin ýagdaýda bir batgaly ýerde gondurdylar

1919-njy ýylyň tomsunda suw kenaryndan düşürilen surat. Onuň nirede alnany belli däl

Uruşdan gaçgaklar 1919-njy ýylyň iýulynda Amerikanyň Gyzyl Haç hassahanasynda, bu ýer häzirki Demirgazyk Makedoniýanyň territoriýasy. Aýagy açyk adam hammama girip çykypdyr (onuň arkasynda hammamyň jaýy görünýär), beýleki adamlar bolsa öz nobatyna garaşýar. Ol döwürde garahassalyk keseline ýolukmazlygyň möhüm usuly ýuwunmak saýylypdyr

Bileleşigiň liderleri – (sagdan çepe) Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Dewid Lloýd Jorj, Italiýanyň premýer-ministri Wittorio Orlando, Fransiýanyň premýer-ministri Jorj Klemanso hem-de ABŞ-yň prezidenti Wudro Wilson – Birinji Jahan urşy resmi taýdan gutarandan soň, Wersal duşuşygynda parahatçylyk şertnamasy barada gürrüň edýärler

Amerikan Gyzyl Haç üpjünçiligi 1919-njy ýylyň awgustynda Birinji Jahan urşy wagtynda weýran bolan Serbiýanyň Pirot şäherinde

Lew Trotskiý bolşewikleriň (kommunistleriň) Moskwa ştabynda 1919-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda bolan partlamanyň pidalaryny hatyralaýar (surat partlamanyň ertesi güni düşürilipdir). Şonda 12 adam ölüp, 55 adam ýaralandy. Partlamada anarhistleri hem çepçi toparyň wekillerini günälediler

Bodenzee nemes dirižably 1919-njy ýylyň oktýabry – ol Berlinden Fridrihshafen aralygyndaky gündelik uçuşyny amala aşyrýar

Gyzyl Goşunyň esgerleri 1919-njy ýylda Orsýetde barýan Graždanlyk urşunyň öňki hatarynda ýöriş edýär

Ukrain daýhanlary bolşewikler (kommunistler) tarapyndan öldürilen garyndaşynyň jesedini tanaýarlar. Poltawadan bolan ol daýhany bolşewikler kommunasyna garşy çykandygy üçin öldüripdirler. Şol sebiti 1919-njy ýylyň noýabrynda Ak gwardiýaçylar eýelänsoň, Meýletin goşunyň hökümeti hem-de Amerikanyň Gyzyl Haç guramasy tarapyndan ol daýhanyň jesedi açyldy

 Her biriniň ýanynda uzakly güne ýeter ýaly azygy bolan söwdagärler demirgazyk Gresiýadaky Kawalleniň köçe bazarynda alyjylara garaşýarlar. 1919-njy ýylyň noýabry. Şol döwürde Balkanlaryň köp ýerinde azyk örän ujypsyzdy, olar kartoşka hem beýleki gök önümleri bölekleýin satýardylar

Albert Eýnşteýn 1919-njy ýylda Berlindäki öz kabinetinde surata düşýär. Ol bu suratda 40 ýaşynda. Alymlaryň arasynda ykrar edilse-de, Eýnşteýniň ady 1921-nji ýylda fizika boýunça Nobel baýragyny alansoň meşhur boldy

Amerikanyň Gyzyl Haç guramasyna degişli suratda onuň 1919-njy ýylyň noýabrynda Malorossiýa diýilýän ýerde düşürilendigi hakda ýazgy bar. Ondan yzda Birinji Jahan urşy döwründe ukrain daýhanlarynyň ugurtapyjy hem gaýduwsyz bolandygy taryplanýar

Bu suratynda Amerikanyň Gyzyl Haç guramasynyň awtomobiliniň synagy görkezilýär. Ol ulag 1919-njy ýylyň noýabrynda, demirýollar gaýtadan dikeldilýänçä, Buharestden Rumyniýa; Bolgariýanyň üstünden Serbiýanyň Pirot şäherine çenli ýol geçipdir. Howa şeýle sowuk bolap, maşynyň dwigateli kadaly işlemändir. Suratda daýhanlar awtomobili ýokarlygyna itekleýärler

Eastman Kodak’y esaslandyryjy Jorj Istman (çepde) hem-de Tomas Edison 1919-njy ýylyň dekabrynda öz oýlap tapanlarynyň alnynda surata düşýärler. Edison kinony surata düşüriji enjamlary oýlap tapypdy, Kodak bolsa togalak düýrlenýän lenta (tasma) hem onuň gapyrjagy bilen kamerany oýlap tapypdy. Bu hyzmat kino industriýasynyň başlangyjy boldy

ABŞ-yň türmesindäki Täze ýyl arçasy

Nýu-Ýorkyň Bäşinji awenýu 46-njy köçesiniň 1919-njy ýylyň dekabrynda günorta tarapdan görnüşi