2019: Ýylyň esasy suratlary
Skopýe şäherinde parlament binasynyň agzyndaky 9-njy ýanwarda bolan demonstrasiýa. Mitinge gatnaşyjylar ýurdy Demirgazyk Makedoniýa diýip atlandyrmak planyna garşy çykýarlar. Bu meselä ýurduň geljekde NATO hem Ýewrosoýuza girmeginiň esasy şerti hökmünde garalyp, bir aýdan soň, Gresiýa bilen ylalaşyk gazanyldy. (RPA-EFE/Georgi Licovski)
Meksikanyň Sýudad-Huaresa welaýatyndaky Anapra raýonyndan bolan gyz serhetde gurlan belent berkitmäniň arasyndan, ABŞ-yň territoriýasynda duran adama elini uzadýar. Iki ýurduň dini wekilleri 26-njy fewralda sebitdäki migrantlar hem ýaşaýjylar üçin, ýagşy doga-dileg etdiler. Bu ýerde legal däl migrantlaryň ýoluny kesmek maksady bilen beýik serhet berkitmesi döredildi. ABŞ-yň prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy Meksika bilen serhetden haýat gurmak isleýär. (AFP/Xerika Martinec)
Polisiýa işgäri Wenesuelanyň prezidenti Nikolas Maduro garşy aksiýa çykanlary rezin oka tutýar. Karakas, 23-nji ýanwar. (Reutera/Manaure Quintero)
Eýran gyzlary Yslam Rewolýusiýasynyň 40 ýyllygy baýram edilýän gününde özlerini surata düşürýärler. Tähran, 11-nji fewral (Tasnim News/Vahid Ahmadi)
Kişinýowda geçip barýan ýolagçy hem Sosialistler partiýasynyň banneri, 23-nji fewral, Moldowada parlament saýlawlaryna bir gün galanda (AP/Vadim Ghirda)
Belarusyň goranmak ministrliginiň ýörite gözleg batalýonynyň esgeri doganlyk mazarynda ölenleriň galyndysyny gözlemäge gatnaşýar. Nemes natsistleri Bresti alanlarynda, ýewreý gettosynda ýüzlerçe adam gyrlypdy. Bu surat 26-njy fewralda düşürildi. (Reuters/Vasiliy Fedosenko)
ABŞ-yň prezidenti Donald Tramp Hanoýda Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un bilen el gysyşýar. Wýetnam, 27-nji fewral (AFP/Saul Loeb)
Owganystanyň ýaşaýjylary Gandagar welaýatynda bolan suw joşgunyndan soň, goýunlary halas edýärler. 2019-njy ýylyň 2-nji marty (AFP/Javed Tanveer)
Krasnoýarskiniň günortasyndaky Ýeniseý derýasyndaky doň ýoldan barýan ulag (Reuters/Ilya Naymusshin)
Muhammed Nadir (öňde) Täze Zelandiýadaky Kraýstçörç metjidinde bolan terror aktyň pidalary üçin aglaýar. 15-nji martda Al-Nur metjidinde bolan terror aktynda 50 adam ölüpdi. Muhammediň dogany Hajy Muhammed Daud Nabi ol hüjümiň ilkinji pidasy boldy. (AFP/Anthony Wallac)
Belli ukrain aktýory hem Ukrainanyň prezidentligine dalaşgär Wolodymyr Zelenskiý stol tennisini oýnaýar. Kiýewdäki saýlaw merkezi, 31-nji mart. Saýlawlaryň ikinji tapgyrynda öz bäsdeşi Petro Poroşenkodan ep-esli öňe saýlanyp prezident boldy. (Рейтер/Валентин Огиренко)
Bosgunlar hem migrantlar Gresiýanyň demirgazygyndaky territoriýada bolan Diawata obasyndaky lagerde protest geçirýärler, 6-njy fewral. (EPA-EFE/Sotiris Barbarousis)
Kepderiler Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýyp Erdoganyň Bursada goýlan ägirt uly plakatynyň öňünden uçup barýar. (Reuters/Goran Tomasevic)
Rom çagalary köne eşiklerden ýasalan hiňňildikde uçýarlar. Kosowanyň Plemetina obasynyň golaýyndaky lager. 2019-njy ýylyň 8-nji apreli syganlaryň Halkara günüdir. (AFP/Armend Nimani)
Pariždäki Merýem ene ybadathanasyndaky ýangyn, 15-nji aprel (AFP/Geoffrou Van der Hasselt)
Şri-Lankanyň Negombo şäherindäki mukaddes Sebestian ybadathanasynda bomba partlamasyndan soň, Isa Mesihiň heýkeline syçran gan tegmilleri, 21-nji aprel. Janyndan geçen terroristiň Şri-Lankada ybadathanada hem myhmanhanada geçiren bomba hüjümlerinden, 259 adam öldi. Ol hüjümleriň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” topary öz üstüne aldy. (AP)
Palestinliler Gaza sektorynyň günorta böleginde, Ysraýylyň awiahüjüminden dörän weýrançylyga seredýärler, 5-nji maý. (AFP/Said Khatib)
Bäş ýaşly owgan oglanjygy Ahmad Saýed Rahman çawup gelen okdan aýagyny aldyrdy. Jepa çekenleriň hem maýyplaryň Kabuldaky keselhanasynda, Halkara Gyzyl Haç komiteti oglanjyga protez aýak edip berdi. 2019-njy ýylyň 7-nji maýy. (AFP/Wakil Kohsar)
72-nji Kann kinofestiwalyň açylyş dabarasyna gatnaşýan zenanyň köýneginden bir detal, 14-nji maý. (Reuters/Regis Duvignau)
Siriýa güýçleriniň hem onuň ýaranlarynyň Idlib welaýatynyň Maapet an-Homan şäherine eden hüjüminden soň, bir adam ýaraly gyzjagazy göterip barýar, 26-njy maý. (AFP/Abdulaziz Ketaz)
Irkutsk oblastynyň Melniçnaýa obasynyň golaýyndaky tokaýda dörän ýangyn, Russiýa. Meýletinçilere ýangynyň öňüni almak hem çagalaryň tomusky lagerini halas etmek başartdy. 2019-njy ýylyň 27-nji maýy (ТАСС/Кирилл Шипицын)
22-nji iýunda Buharestde bolan geý-parada gatnaşyjy aýal. (AP/Vadim Ghirba)
Amerikanyň Waşington ştatyndaky Sietl şäherinde Boeng Field gonalgasyndaky Boeing 737 MAX uçarlary, 1-nji iýul. Şu kysymly uçarlarda iki gezek heläkçilik döränsoň, olaryň gurluşynda bolan kemçilik sebäpli, öz uçuşlaryny bes etdiler. (Reuters/Lindsey Wasson)
Polisiýa işgärleri hem Moskwa protestine gatnaşyp saklanan aktiwistler, 27-nji iýul. (AP Photo/Denis Sinyakov)
Ýol gyrasynda duran aýal, ol ýer Siriýanyň Türkiýe bilen serhetdeş şäheri Ras-el-Aýnyň golaýy bolmaly, 2019-njy ýylyň 16-njy oktýabry. Türkiýe serhet ýakasynda ýaşaýan kürtleriň garşysyna hüjüme geçdi, tüsse buludy türk awiasiýasynyň hüjümine päsgel bermeli diýlip çaklanýar. (AFP/Deil Souleiman)
Hindi aýallary Çatt Puja dini baýramçylygynda, Nýu-Delidäki Ýamuna derýasynda suwa ýuwunmak däbini berjaý edýärler, 3-nji noýabr. (Reuters/Adnan Abidi)
San-Fransisko şäheriniň merkezindäki mural, onda şwesiýaly ekologiýa aktiwisti, dünýäniň global ýylamagy hem howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça göreşiji gyz Greta Tunbergiň suraty çekilipdir, 12-nji noýabr. Ägirt uly köçe graffitini argentinaly hudožnik Andres Iglesias döredipdir. (EPA-EFE/John G. Madanglo)
Polisiýa Boliwiýanyň öňki prezidenti Ewo Moralesiň tarapdarlaryny göz ýaşardyjy gaz bilen dargadýar. Ýurduň syýasy ýagdaýyndan närazy bolan aýal polisiýa işgärine seredip dur. 13-nji noýabrda La-Pasede protestler boldy. (AFP/Ronaldo Schemidt)
Polisiýa işgäri saýawany depgileýär. Hong Kongda Politehniki uniwersitetiň golaýynda bolan çaknyşyk, 18-nji noýabr. (EPA-EFE/Fazry Ismail)
Tbilisidäki hökümete garşy dörän protest aksiýasyna gatnaşyjylary dargatmak üçin, polisia işgärleri suw toplaryndan peýdalanýarlar. Gürjüstan, 18-nji noýabr. (Reuters/Ираклий Геденидзе)
Russiýa tarapdar separatistler Ukrainanyň gündogaryndaky Donetsk oblastynyň Petrowskoýe obasynyň golaýynda minalary aýyrýarlar, 19-njy noýabr. (Reuters/Alexander Ermochenko)
Aýallar Eýranyň Melat bankynyň bir bölüminiň alnynda, ýangyjyň bahasynyň gymmatlamagy bilen dörän protestler wagtynda, Şähriýar şäherindäki bank oda berildi, 20-nji noýabr. Noýabryň başlarynda eýran hökümeti benziniň bahasyny azyndan 50% gymmatlatdy, bu bolsa ýurduň ençeme şäherinde köp sanly protest aksiýalaryň döremegine getirdi. (EPA-EFE/Abedin Taherkenareh)
Proteste çykanlar Bagdatda howpsuzlyk güýçleri bilen çaknyşykda ýaraly bolany alyp barýarlar, Yrak, 28-nji noýabr. Hökümete garşy protestler Yragyň paýtagtyny hem-de şaýylaryň ýaşaýan günorta bölegini gurşap aldy, aktiwistler hökümet ýolbaşçylaryny korrupsiýada hem-de Eýranyň täsirine gitmekde aýyplaýarlar. (AP/Khalid Mohammed)
ABŞ-yň prezidenti Donald Tramp Ak Tamyň günortasyndaky açyklykda žurnalistleriň öňünde çykyş edýär, Waşington, 2-nji dekabr. ABŞ-yň Wekiller öýi impiçment kararyna seredýärler. (Reuters/Tom Brenner)
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin (sagda), Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron (ortada) hem-de Ukraianyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý (çepde) Ýeliseý köşgünde, Pariž, 9-njy dekabr. Putin bilen Zelenskiý Donbassdaky konflikti parahatçylykly çözmek gepleşiklerinde ilkinji gezek duşuşýarlar. (AP/Christophe petit Tesson)