Maryda balalaryny çagalar bagyna ýerleşdirjek ene-atalardan 2000 manada çenli para soralýar

Illýustrasiýa suraty

Şu günler Mary welaýatynyň şäher we etrap merkezlerindäki Baş bilim müdirliklerinde körpeleri çagalar baglaryna kabul etmek çäresi dowam edýär. Munuň üçin nobata duran ene-atalar çagalaryny öz wagtynda çagalar baglaryna ýerleşdirmekde dürli kynçylyklar, şol sanda para bermek tejribesi bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny aýdýarlar.

Degişli maglumat "Balalarymyzy nätsekkäk?"

“Ene-atalar öz degişli bolan şäher, etrap bilim müdirliklerine baryp, resmi kagyzlary tabşyrýarlar we nobatlaryna garaşýarlar. Ýöne para bermeseň, bu nobat ençeme ýyllap ýetmeýär. Ene-atalaryň käbiri öz çagalarynyň dogluş hakyndaky şahadatnamasyny alanyndan soň nobata duran bolsa-da, aradan 4-5 ýyl geçendigine garamazdan, olaryň nobaty heniz hem ýetmeýär” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan Marydaky habarçylarymyzyň biri gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan ene-atalaryň ençemesi soralan möçberdäki parany beren raýatlaryň nobatlarynyň dessine öňe geçirilýändigini aýdyp, şeýle diýdi:

“Çagaňy çagalar bagyna nobatsyz ýerleşdirmek üçin etrap çagalar bagynyň nyrhy 400 manatdan 1000 manada, şäher çagalar bagynyň nyrhy 1000 manatdan 2000 manada çenli barabar. Parany berseň, hiç hili garaşdyrman, eliňe göni çagalar bagyna gönükdirmäni berýärler” diýip, habarçy anonim şertde maglumat beren maryly ýaşaýjylaryň biriniň sözüni getirdi.

Belläp geçsek, Türkmenistanda ene-atalar çagalar bagyna gatnaýan her bir çagasy üçin aýda 80 manat töleýärler. Ýurduň şäher we etrap Baş bilim müdirliklerinde körpeleri çagalar baglaryna kabul etmek çäresi her ýylda iki gezek, ýanwar we iýun aýlarynda geçirilýär.

Maryly habarçy bu çäräniň dowamynda ene-atalardan “para almak” tejribesiniň welaýatyň ähli şäher we etrap merkezlerinde diýen ýaly ýylyň-ýylyna gaýtalanýandygyny aýtdy.

Azatlyk Radiosyna ýokarda aýdylanlary Mary welaýatynyň şäher we etrap merkezlerindäki Baş bilim müdirliklerine tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek häzirlikçe başartmady.

Degişli maglumat Körpeleriň ene-atalaryndan hajathana kagyzyny we beýleki senagat harytlaryny tabşyrmak talap edilýär

Ýöne Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň welaýat we etrap merkezlerindäki Baş bilim bölümlerinde ene-atalaryň öz çagalaryny çagalar baglaryna ýerleşdirmekde dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklary barada mundan ozal hem ençeme gezek habar beripdi.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanlylaryň ençemesi, şol sanda ýerli synçylar munuň sebäplerini ýurtda çagalar baglarynyň sanynyň azlygy bilen düşündirýärler.

“Adamlar, hususan-da işleýän ene-atalar çagalaryny öz golaý-goltumyndaky çagalar bagyna ýerleşdirmäge synanyşýarlar. Resmiler bolsa çagalar baglarynyň we olardaky orunlaryň çäkli bolmagyndan peýdalanyp, bu ýagdaýy ene-atalardan para almagyň ýene bir mümkinçiligine öwürýärler” diýip, aşgabatly synçylaryň biri anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Degişli maglumat Aşgabadyň çagalar bagynyň resmisi körpeleriň iýmitini dükanlara satmakda aýyplanyp ‘tussag edildi’

BMG-niň Çagalar gaznasynyň (UNICEF-iň) Türkmenistandaky bölümi irki ösüşiň wajyplygy hakynda geçen ýyl ýaýradan hasabatyna gabatlap, ýurtda çagalaryň diňe ýarysyndan-da az böleginiň mekdebe çenli edaralara gatnaýandygyny habar berdi.

“Biz Türkmenistanyň hökümetini, çagalara durmuşda üstünlik gazanmak mümkinçiligini sowgat etmek üçin, mekdebe çenli çagalar edaralaryna has kän serişde goýbermäge çagyrýarys” diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri BMG-niň Çagalar gaznasyna salgylanyp, geçen ýylyň aprel aýynda habar beripdi.

Galyberse-de, Türkmenistan korrupsiýa boýunça halkara görkezijilerinde iň yzdaky orunlary eýeleýär. Şeýle-de, The Risk Advisory Group kompaniýasynyň ýaýradan “Korrupsiýa päsgelçilikleri – 2019” atly soňky hasabatynda Türkmenistan dünýäde korrupsiýanyň döredýän päsgelçilikleri hem-de ýurt içindäki korrupsiýa maglumatlarynyň elýetersizligi boýunça birinji orunda ýerleşdirildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.