Farapda geçirilen ýygnaklarda göwreli bolýan okuwçy gyzlaryň mekdepden çykaryljakdygy duýduryldy

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň orta mekdeplerinde ýokary synp okuwçy gyzlar we zenan mugallymlar bilen ýygnaklar geçirildi. Welaýat bilim bölüminiň we Zenanlar birleşiginiň wekilleri tarapyndan geçirilen bu ýygnaklarda aýal-gyzlaryň ahlagy we olaryň daşky keşbine degişli gadagançylyklar barada gürrüň edildi. Şeýle-de, mundan beýläk mekdebi tamamlamanka, nikasyz göwreli bolan okuwçy gyzlaryň okuwdan çykaryljakdygy duýduryldy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 4-nji noýabrda Lebapdan habar berdi.