Türkmen görnüşleri - 47-nji hepde
Aşgabat. Ýüzüne gorag maskasyny geýen gyz. Noýabr, 2020.
Mary. Ýyladyş merkezi. Noýabr, 2020.
Aşgabat. Pyýada ýoly saýly bagly bolsa, tomsuna jana hoş ýakýar. Noýabr, 2020.
Aşgabat. Howluda hem tamdyryň bolsa, awtoulaglaryňy goýup bilseň, üstesine olaryň reňki hem ak bolsa, ýagdaýyň gowy boldugy.
Aşgabat. Maska geýmek düzgünini berjaý edýän aýal. Noýabr, 2020.
Azyk dükanynyň açylmagyna garaşýan adamlar. Noýabr.
Mary şäherindäki stadionyň daş görnüşi. Bu ýerdäki sport toplumy 2009-njy ýylyň maýynda açyldy.
Türkmenistanda azyk gytçylygy saklanyp gelýär. Döwlet dükanyndan iki bölek çörek, şeker we bir çüýşe ýag paýyny alan adamyň ökjesi ýeňil gopýar. Noýabr, 2020.
Mekdep okuwçylary. Aşgabat. Noýabr, 2020
Ataly-ogul mekdepden gelýär. Ikisi-de maskaly. Aşgabat.