2020-nji ýyl suratlarda: Geçip barýan ýylyň esasy wakalary

2020-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda ABŞ-nyň pilotsyz uçary bilen Yrakda öldürilen Eýran generaly Kasem Soleýmani we onuň ýoldaşlary bilen Tähranda geçirilen ýas çäresi.

Awstraliýada bolan tokaý ýangynynda koalany halas eden adam, 2020-nji ýylyň 7-njy ýanwary

Russiýa tarapyndan anneksiýa edilen Krymdaky gurap barýan Simferopol suw howdany, 2020-nji ýylyň 10-njy dekabry

Dekabr aýynda, Kreml tarapyndan dolandyrylýan Krymyň Durmuş hyzmatlary we ýaşaýyş jaý ministrligi Krymdaky suw howdanlarynyň ýagdaýy barada statistika çap etdi. Aýan edilen maglumata görä, ýarymadanyň azyndan bäş suw howdany «ölen derejä deň» diýilýär.

Bu ýylky gurakçylyk sebäpli suw howdanlarynyň derejesiniň aşaklamagy netijesinde, Krymyň Simferopol, Bakjasaraý hem Simferopol sebitlerinde suw üpjünçiligine çäklendirmeleriň iň agyr tapgyry girizildi. Resmi Kiýew Demirgazyk Krym kanalynyň üsti bilen suw üpjünçiliginiň diňe basyp alnan Krym yzyna gaýtarylan ýagdaýynda, işe girizjekdigini öňe sürýär.

Eýranyň halas ediş toparynyň işgärleri 2020-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda Tähranyň etegindäki Ymam Homeýni howa menzilinden uçandan soň, Eýran harbylary tarapyndan urlup düşürilen Ukrainanyň halkara howa ýollaryna degişli uçaryň galyndylarynyň arasynda. Eýran, 2020-nji ýylyň 8-njy ýanwary

Hytaýyň merkezi Hubeý welaýatynyň Wuhan şäherinde COVID-19 wirusyndan ejir çekýän hassalary bejermek üçin, guruljak hassahananyň gurluşyk meýdançasyndaky ekskawatorlar, 2020-nji ýylyň 24-nji ýanwary

2020-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Brýusseldäki Gran-Plas köşgünde geçirilen Belgiýa-Angliýa dostluk çäresinde bir aýal jübi telefony bilen Angliýanyň baýdagyny surata düşürýär. Angliýa 31-nji ýanwarda Ýewropa Bileleşiginden çykdy.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp USA Today gazetini synlaýar. Gazetiniň baş sahypasyny ABŞ-yň Senatynyň impiçment işinde prezidenti aklandygyny öňe sürýän habar bar. 2020-nji ýylyň 6-njy fewraly

Hytaýyň Wuhan şäherinde başlanan COVID-19 wirusyndan soň ýüzi maskaly ​​we kellesine plastik halta geýen ýolagçy Şanhaý demirýol menziliniň çäginden çykyp barýar, 2020-nji ýylyň 9-njy fewraly. Bütindünýä Saglyk Guramasy 30-njy ýanwarda COVID-19 sebäpli global adatdan daşary ýagdaý yglan etdi. Bütin dünýäde bu wirusa ýoluganlaryň sanynyň birden artmagyndan soň, BSG 11-nji martda koronawirus epidemiýasyny pandemiýa diýip atlandyrdy.

Luhansk oblastynyň Golubowskoýe obasynyň ýaşaýjysy, 70 ýaşly Larisa Beletskaýa ukrain ýaragly güýçleri bilen rus goldawyny alýan söweşijileriniň arasyndaky çaknyşykda, oka tutulan köp kwartiraly jaýyň alnynda dur. 2020-nji ýylyň 19-njy fewraly

Egeý deňziniň demirgazyk-gündogaryndaky Lesbos adasyndaky Mantamados şäheriniň golaýynda, täze migrant lageriniň gurluşygy bilen baglanyşykly dörän çaknyşyklar. 2020-nji ýylyň 25-nji fewraly

Halas edijiler 2020-nji ýylyň 22-nji maýynda Pakistanyň Karaçi şäherinde uçar heläkçiligi sebäpli ýüze çykan ýangyny söndürýärler. Bu betbagtçylyk 98 adamyň ölmegine sebäp boldy

Protestçi we polisiýa işgäri Täze Orleandaky Missisipi derýasynyň üstünden geçýän köprüde, 2020-nji ýylyň 3-nji iýunynda, çarşenbe güni geçirilen protest ýörişinde biri-birine seredýärler. 25-nji maýda garaýagyz amerikaly Jorj Floýdyň Minneapolis polisiýasy tarapyndan saklananda, rehimsiz ölümine garşy geçirilen demonstrasiýa wagty.

Russiýanyň Sankt-Peterburg şäheriniň etegindäki gonamçylygyň çetindäki ýörite bölüminde, koronawirusdan (COVID-19) ölendigi aýdylýan adamyň jaýlanyşy, 2020-nji ýylyň 26-njy iýuny

Koronawirus bilen baglanyşykly COVID-19 pandemiýasy dowam edýän wagtynda, Belarusyň Minsk şäherindäki açyk asmanyň aşagyndaky “Dreamland” akwaparkyna gelýänler, 2020-nji ýylyň 27-nji iýuny. Açyk ýerdäki “Dreamland” akwaparky Ýewropadaky iň ululardan biri hasaplanýar.

2020-nji ýylyň 8-nji iýulynda Belgradda Serbiýanyň Milli mejlisiniň öňünde, protestçiler bilen polisiýa çaknyşdy, COVID-19-a garşy göreşmek üçin, dynç günleri komendant sagadynyň girizilmegine garşy nägilelik bildirildi.

Azerbaýjanyň Towuz sebitiniň ýaşaýjysy ermeni goşunlary tarapyndan top okuna tutulandan soň öz öýüne ýeten zyýany görkezýär. 2020-nji ýylyň 14-nji iýuly, sişenbe

Güýçli ýagyşdan soň, Karaçide dörän suw joşguny, Pakistan, 2020-nji ýylyň 26-njy iýuly

2020-nji ýylyň 4-nji awgustynda Liwanyň Beýrut şäherindäki portda bolan güýçli partlamadan soň, 11 ýaşly Hoda Kinnony daýysy Mustafa halas etdi. Siriýanyň Halap sebitiniň ýaşaýjysy Kinnonyň maşgalasyna ol partlamadan agyr zyýan ýetdi, Hodanyň boýny döwüldi we başga-da ençeme ýara aldy, onuň 15 ýaşly gyz dogany Sedra ýogaldy.

Demonstrantçylar hem Belarusyň howpsuzlyk güýçleri Belarusda geçirilen prezident saýlawlaryndan soň, saýlaw uçastoklary ýapylanda, Minskide geçirilen demonstrasiýa wagtynda, 2020-nji ýylyň 9-njy awgusty

Omsk şäheriniň medisina işgärleri Russiýanyň oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnyny Germaniýa ewakuasiýa edilmezden ozal nosilkada göterip, aeroporta barýan tiz kömek ulagyna alýarlar. 2020-nji ýylyň 22-nji awgusty

Jo Baýden saýlawlaryň öň ýayndaky kompaniýada aýaly Jill bilen Delawer ştatynyň Nýu-Kasl şäherinde, 2020-nji ýylyň 5-nji oktýabry

Adamlar 2020-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Parižde geçirilen demonstrasiýa wagtynda “Place de la République” meýdanyna ýygnanýarlar. Söz azatlygyny goldamak we öz okuwçylaryna yslam pygamberi Muhammediň karikaturasyny görkezenden soň kellesi kesilen taryh mugallymy Semuel Petiniň hatyrasyna çäreler bütin Fransiýada guraldy.

Elinde Ermenistanyň milli baýdagy bolan bir adam Daglyk-Garabagdaky Kalbajar şäheriniň etegindäki XII-XIII asyrlarda gurlan Dadiwank ybadathanasyna baryp görýär, 2020-nji ýylyň 13-nji noýabry. Ýaraşyk şertnamasyna laýyklykda, bu territoriýa Azerbaýjan tarapyndan dolandyrylyp başlandy.

Krymyň Simferopol şäherinde koronawirus pandemiýasy wagtynda, ýüzi gorag galkanly adam. 2020-nji ýylyň 16-njy noýabry

2020-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Krymda 350 sany täze koronawirus ýokuşmasy ýüze çykaryldy, şol sanda 16 keseliň simptomatik alamatlary bildirenok. Russiýanyň Krymyň ýolbaşçysy Sergeý Aksenowyň sözüne görä, bir günde sagalýan adamlaryň sany 18, tutuş pandemiýa döwürde 16 410 adam sagalypdyr.

Rus häkimiýetleriniň Krymda we Sewastopolda koronawirus keseli bilen baglanyşykly aýdýan maglumatlary halkara guramalary we beýleki garaşsyz çeşmeler tarapyndan tassyklanmaýar. Ynsan hukuklaryny goraýjylar statistiki maglumatyň ep-esli derejede azaldylanyny, örän köp möhüm faktorlaryň, şol sanda kesele ýokuşan Russiýanyň harbylarynyň we ýörite gullukçylaryň sanynyň görkezilmeýändigini aýdýarlar.