Türkmen görnüşleri: Ýylyň Jemleri
Türkmen häkimiýetleri, şol sanda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow COVID-19-dan goranmak üçin ýüzärligi tütetmegi maslahat berdi. Koronawirus pandemiýasynyň tutuş dünýä ýaýramagyna garmazdan, türkmen häkimiýetleri ýurtda "wirusyň ýokdugyny" öňe sürýärler.
27-nji aprelde Lebapda gopan apy-tupandan soňky weýrançylyk. Türkmen häkimiýetleri bu heläkçilikli hadysa barada habar bermediler.
Türkmenabatda harasatyň netijesinde jaýyň gopan üçekleri
Häkimiýetler ilata tebigy harasatyň netijelerini aradan aýyrmak boýunça hem ýeterlik hemaýat bermediler, tersine, bu barada internetde maglumatlary ýerleşdirenlere basyş görkezdiler.
Türkiýede ýasama arakdan zäherlenip heläk bolan türkmen raýatlarynyň gubury. Mart aýynyň ikinji ýarymynda Stambulda koronawirusdan goranmak üçin ýasama arak içip, 50-den gowrak türkmenistanly zäherlenip öldi. Türkmenistan heläk bolan raýatlarynyň jesetlerine eýe çykmady.
Türkmen häkimiýetleriniň ilatynyň meselelerni gözden düşürmegine garşy Kiprdäki türkmenler maýda protest geçirdiler.
ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde türkmenler prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň häkimiýetden çekilmegini talap edip demonstrasiýa geçirýärler.
"Türkmen çilim". Türkmenistanda temmäki önümleriniň gytalmagy we gymmatlamagy bilen birlikde, öý şertlerinde ýasalan, has arzan bahadan satylýan çilimler peýda bolup başlady.
Ýylyň dowamynda ýurduň tas ähli künjeginde, şol sanda paýtagt Aşgabatda çörek gytçylygy saklanyp galdy.
Koronawirusyň dünýä boýunça pandemiýa diýlip yglan edilmegine we Bütindünýä Saglyk Guramasynyň sosial aralygy saklamak rekommendasiýalaryna garamazdan, aprelde Türkmenistanda köpçülikleýin welosiped ýörişi geçirildi.
Aşgabatda noýabrda ite bagyşlanyp heýkel açyldy.
Ýurduň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýän mahaly itiň heýkeline harçlanan döwlet pullary barada maglumat berilmeýär.
Bir tarapdan ite bagyşlanyp heýkel açylýar, beýleki tarapdan ýurtda öýsüz itdir-pişikleriň köpçülikleýin ýagdaýda, wagşylarça öldürilmegi dowam etdirilýär.
Aşgabadyň dükanlarynda satylýan pes hilli ýer alma
Maryda kommunal hojalyk gullugynyň işgärleri arassaçylyk işlerini geçirýärler.
Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasynyň öňünde türkmen häkimiýetlerine garşy protest çäresi geçýär. Maý
ABŞ-daky türkmenler iýunda Pittsburgda "BIZE BEÝLE PREZIDENT GEREK DÄL", "AÇLYGY, REPRESSIÝALARY BES ET" ýazgyly plakatlar bilen proteste çykdylar.
Waşingtonda türkmen ilçihanasynyň öňünde geçirilen protest çäreleriniň birine gatnaşyjylaryň geýen maýkasy.
Agyr ykdysady krizisi başdan geçirýän Türkmenistan iýunda 30 metrlik welosipediň monumentini açdy.
Garaşsyz türkmen neşiri monumente döwlet gaznasyndan $6,5 million harçlanandygyny aýdýar. Türkmen häkimiýetleri bu barada resmi maglumat bermeýär.
Türkmen emeldarlary dik durup prezident G.Berdimuhamedowyň welosipediň monumentiniň açylyş dabarasynda edýän çykyşyny diňleýärler.
Türkmenistan ilki "koronawirus" sözüni ulanmagy, maskalary dakynmagy gadagan eden hem bolsa, soňra ýurtda berk maska režimini girizdi.
Polisiýa ofiserlerine masksasyz adamlary saklap, jerime ýazmak boýunça hem gündelik plan tabşyrygy berildi.
"Gurban baýramynyň" öňýany raýatlara öýlerinde galmagyna çagyryş edilýär.
BSG-niň missiýasynyň Türkmenistana eden saparyndan soň, 29-njy iýulda ABŞ-daky türkmenler guramanyň Waşingtondaky baş edarasynyň öňünde protest geçirip, Türkmenistandaky koronawirusyň asyl ýagdaýlaryna ünsi çekdiler.
Ýylyň dowamynda ýurtda azyk we bankomat nobatlary has hem uzaldy. Türkmenabatda zähmet haklaryny nagtlaşdyrjak bolup ,daňdandan bäri bankomatyň öňünde nobata duran adamlar.
Aşgabatda ýaşaýjylar ýag satyn almak üçin nobatda garaşýarlar.
Döwlet dükanynyň öňünde nobatyna garaşyp duran adamlar.
Marynyň etraplarynyň birinde ýag üçin nobata duran adamlar
Türkmen häkimiýetleriniň ýurtda koronawirusyň ýokdugyny öňe sürmegine garamazdan, adamlaryň, şol sanda lukmanlaryň hem köpçülikleýin ýagdaýda wirusa ýolugýandygy, ondan ölýändigi barada maglumatlar gowuşýar.