Türkmen görnüşleri - 3-nji hepde
Aşgabat. 32-nji dükana ir sagat 7:30-da gelýän çöregiň nobaty 'uly', gelen çörek ýarym sagatda satylyp gutarýar. Ýanwar, 2021.
Aşgabat. Başda maskany gadagan Türkmenistanda ýüz maskalary hökmany boldy. Dekabr, 2020.
Aşgabat. Täze ýyl söwdasy. Dekabr, 2020.
Aşgabat. Işçiler iş başynda. Özara gürrüňçilikde aýdylmagyna görä, könelen enjamlar 'gaty heläk edýär'. Ýanwar, 2021.
Aşgabat. Köçe görnüşi. 2020.
Resmi maglumatlara görä, Aşgabady abadanlaşdyrmak üçin köp serişde harçlanýar, emma bejeriş işleri gutarmaýar. Ýanwar, 2021
Aşgabatdaky jaýlar tomsuna yssy, sebäbi häkimiýetler ýaşaýajylaryň sowadyjylaryna garşy söweşýär; gyşyna sowuk, sebäbi ýyladyş ulgamy hiç wagt gowy işlemeýär. Ýanwar, 2021.
Aşgabat. Beýik, döwrebap binalar guruldy, emma arassaçylyk sübsegärlere bagly. Ýanwar, 2021
Aşgabat. Student gyzlar geýnişinden belli, sebäbi hemmesi 'bir almany iki bölen ýaly' meňzeş geýinmeli. Ýanwar, 2021.
Aşgabat. Duralgada awtubusa garaşýan ýolagçylar. Ýanwar, 2021.