Türkmen görnüşleri - 5-nji hepde
Türkmenistan soňky ýyllarda özboluşly nobatlar ýurduna aýlandy. Rentgen nobatlary öňden gelýän azyk, manat bobatlarynyň üstüni ýetirýär. Aşgabat. Ýanwar, 2021.
Aşgabat. S.Nyýazow adyndaky hassahanada COVID-19 synaglary üçin nobata duran adamlar. Ýanwar, 2021.
Aýazly howadan soň beton jaýlaryň içi aňsat ýylamaýar, diwarlar buz ýaly, howa sähel, daşary içeriden has ýyly diýip, aşgbatlylar özara gürrüňçilikde aýdýarlar. Şäheriň ýyladyş ulgamy hemişe bejeriş astynda, ussalar ellerinden gelenini edýändiklerini aýdýarlar. Aşgabat. Ýanwar, 2021.
Howa maýlansoň, ýylamaýan diwarlaryň arasyndan çykyp, daşarda oýnaýan çagalar. Aşgabat, ýanwar, 2021.
Türkmenistanda çuňlaşýan ykdysady krizis barha kän adamy zir-zibillerden derege ýarar ýaly zat gözlemäge mejbur edýär. Aşgabat, ýanwar, 2021.
Duralgada duran ýüz maskaly gyzlar. Aşgabat, ýanwar, 2021.
Türkmenistan. 6-njy bazardaky islendik miwäniň kilogramy 15 manatdan satylýar, ýöne olary alan gapdalyndan banan hem almaly. Ýanwar, 2021.
Çagaly aýal. Aşgabat, ýanwar, 2021.
Aşgabat bazary. Ýanwar, 2021.
Köçede säginip, gürleşip duran joralar. Aşgabat, ýanwar, 2021.