Türkmen görnüşleri - 22 nji hepde
Aşgabat. Moskwa şaýoluna çykalgany petiklän awtoulag. Maý, 2021.
Ýüzlerçe ýolagçy awtobusynyň satyn alynýandygy aýdylýar, ýöne duralgada awtobusa garaşýan adamlaryň 'bolçulygy' azalmaýar. Aşgabat, 2021.
Bugdaý öndürmek baradaky döwlet tabşyrylary her ýyl 'üstünlikli' ýerine ýetirilýär, şol bir wagtda-da çörek nobatlary ulalýar. Satyjylar çörek üçin üýşýän adamlary dargatmaga çalyşýar. Sebäbi uly nobatlar 'gadagan' edildi. Maý, 2021
Aşgabadyň täze, 'göz iýýän' binalary. Maý, 2021.
Parahar 2/4. Aşgabadyň köne binalarynyň gelşigini 'bozýan' sowadylary aýyrmak häkimiýetleriniň 'esasy aladalarynyň' birine öwrüldi. Maý, 2021.
Polisiýa işgärleri ýygy-ýygydan, dürli sebäpler esasynda, ýollara çykalgany baglamak bilen meşgul bolýar. Aşgabat, maý, 2021.
Parahat 2/4. Sowadyjylary aýyrmak praktikasy 'doly güýjünde' dowam etdirilýär, sebäbi olar, häkimiýetleriň ynanjyna görä, binalaryň daşky gözelligini 'bozýar'. Maý, 2021.
Aşgabatda köçeler, ýanýollar köplenç boş, ne awtoulag bar, ne-de adam. Gündiziň günortany arassa, boş duran Andalyp köçesi. Maý, 2021.
Oguzhan, ozalky Aýtakow köçesi. Aşgabat şäheriniň 11-nji etrapçasy.
Şäheriň tämizlik, arassaçylyk işleri esasan aýal-gyzlaryň el güýji bilen amala aşyrylýar. Olar ýüz-gözlerini ýalyk bilen daňyp, ýelden-günden goranmaga çalyşýarlar. Aşgaýat, 2021.