Türkmen görnüşleri - 25 nji hepde
Soňky jaňdan soňky ýygnanyşyk. Aşgabat, maý, 2021.
Kommersiýa dükanynyň içindäki görnüş.Türkmenistanda azyk harytlarynyň gytçylygy we bahalaryň ýokarlanmagy dowam edýär. Aşgabat, iýun, 2021.
Aşgabat. Iýun aýyndaky gyzgyn epgek adamlary köplenç öýden çykmajak bolmaga, çyksalar saýa gözlemäge mejbur edýär.
Aşgabat. Geçirjiler döwlüp, Ýunus Emre köçesiniň ýaşaýjylary suwsuz galdy. Iýun, 2021.
Türkmen prezidenti dilden buýruk berip, reňki ak bolmasa, awtoulaglaryň paýtagta girmegini gadagan etdi. Şäherde indi diňe ak reňkli maşynlar bar.
Aşgabatdaky awtoulaglar duralgadan aýrylýar. Maý, 2021.
Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniýa orkestriniň konsertleri köp adamly bolýar. Aşgabat, iýun, 2021.
Barlagdan geçmek üçin gelen adamlaryň hususy saglyk merkeziniň öňündäki nobaty.
Aşgabat, iýun, 2021.
Aşgabat. Ýaşmakly aýal we maskaly oglan. Iýun, 2021.