Maryda "Aşgabada hasabat bermek" üçin COVID-a garşy waksinanyň ikinji dozasy wagtyndan öň edilýär

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Mary welaýatynyň birnäçe Saglyk öýünde raýatlara COVID-19-a garşy waksinanyň ikinji dozasy wagtyndan öň edilýär. Lukmanlar munuň sebäplerini welaýat ýolbaşçylarynyň sebitde raýatlara waksina etmek işleriniň güýçli depginde amal edilýändigi barada Aşgabada hasabat bermek tagallalarynyň bir bölegi diýip düşündirýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Marydan maglumat berýär.