Želtoksan, janly zynjyr, Maýdan. SSSR dargamagynyň öňüsyrasynda, respublikalar nädip garşy çykdylar

Dekabr wakalary ýa-da Alma-Atadaky (häzir – Almaty diýilýär) Želtoksanda Kremliň merkezleşdirýän hökümetine garşy Sowet Soýuzyndaky ilkinji hem iň uly demonstrasiýalaryň biri boldy. 1986-njy ýylyň 17-18-nji dekabry Gazagystanyň ýaşlarynyň erkinlik ugrundaky göreşi hökmünde taryha girdi. SSSR-iň dargamagyna entek bäş ýyl bardy.

Bu waka Sowet Soýuzynyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň respublikanyň uzak möhletli lideri Dinmuhamet Kunaýewiň Gazagystan SSR Kommunistik partiýasynyň birinji sekretary wezipesinden boşadylmagyndan öň bolupdy. Kunaýewiň ýerine ozal Russiýanyň Ulýanow oblastynda işlän Gennadiý Kolbin Gazagystana ýolbaşçylyk etmek üçin bellendi. Gazagystana näbelli bir işgäriň bellenilmegi nägilelik döretdi. Müňlerçe ýaşlar paýtagtyň merkezi meýdançasyna çykdylar.

Kommunistik partiýa Gazagystanyň ýaşlarynyň hereketlerini "milletçiligiň alamaty" diýip atlandyrdy. Işçileriň we studentleriň çykyşlary rehimsizlik bilen basylyp ýatyryldy.

Demonstrasiýany dargatmaga Sowet ýolbaşçylary Russiýadan howpsuzlyk güýçlerini iberdi. Protesti basyp ýatyrmak üçin geçirilen operasiýa "Metel-86" diýlip atlandyryldy.​

 

 

Dekabr aýyndaky wakalar bilen baglanyşykly 99 adamyň garşysyna jenaýat işi gozgaldy. Iki adam ölüm jezasyna höküm edildi, olardan biri, 20 ýaşly Kaýrat Ryskulbekow (suratda sagdan ikinji) syrly ýagdaýda türmede öldi (ölümiň resmi wersiýasy – öz janyna kast etmek). Ýüzlerçe adam partiýa hataryndan we komsomoldan çykaryldy, okuw jaýlaryndan kowuldylar we işinden boşadyldylar. Soňlugy bilen Želtoksana gatnaşyjylar aklanyldy.

Minskidäki Lenin meýdanynda iş taşlaýyş. Aprel, 1991. Hereketiň sebäbi bahalaryň ýokarlanmagy we sowet adamlarynyň tygşytlan maýalaryny hümmetsiz edýän pul reformasy boldy. Minskiden soň işçiler Belarusyň beýleki şäherlerinde-de iş taşlaýyş etdiler.

Minskidäki Lenin meýdanynda ýene bir iş taşlaýyş. 4-nji aprel, 1991-nji ýyl. Resmiler bilen iş taşlaýanlaryň wekilleriniň arasynda geçirilen gepleşiklerden soň, işçileriň aýlyk haklaryny ýokarlandyrmak kararyna gelindi. Ýöne dükanlaryň tekjeleri öňki boşlugyna galdy.

Ýüzlerçe müň ýaşaýjy Tallindäki Uzyn Hermann diňinden, Wilniusdaky Gediminas diňine çenli uzalyp gidýän adam zynjyryny emele getirdi. Wilniusda adam zynjyrynyň gurulmagy Litwanyň Garaşsyzlyk Bileleşigi tarapyndan gurnalan ýörişlerden öň bolupdy. Wilnius, 1989-njy ýylyň 23-nji awgusty.

Krym tatarlary Krasnodarda geçirilen demonstrasiýada, öz watanyna gaýtarylmagyny talap etdiler. 1988-nji ýylyň 6-njy marty. Krymyň ýerli halky 1944-nji ýylda deportasiýa edilipdi. Olaryň Sowet hökümeti tarapyndan, Sibire we Merkezi Aziýa zor bilen göçürilmegi "Krym tatarlarynyň faşistler bilen hyzmatdaşlygy" bilen delillendirildi. Sowet metbugaty tarapyndan habar berlişine görä, bu ilkinji umumy milli protest çäresi bolupdy.

Kiýewdäki Maýdanda 1989-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda, ukrain halkynyň "Ruh" hereketi tarapyndan gurnalan demonstrasiýa. Bu gurama Ukrainanyň garaşsyzlyga tarap öňe gitmegine itergi beriji güýç boldy

Üç million ukrainaly Ukraina Halk Respublikasy bilen Günbatar Ukraina Halk Respublikasyny birleşdirmek baradaky Kanunyň 1919-njy ýylda yglan edilmeginiň 71 ýyllygy mynasybetli Lwowdan Kiýewe çenli adam zynjyryny döretdiler. 1990-njy ýylyň 21-nji ýanwary.

1919-njy ýylda Ukraina Halk Respublikasy bilen Günbatar Ukraina Halk Respublikasyny birleşdirip, bitewi ukrain döwletini döretmek baradaky Kanunyň yglan edilmeginiň 71 ýyllygy mynasybetli Kiýewde geçirilen demonstrasiýa. 1990-njy ýylyň 21-nji ýanwary.

Garaşsyz ukrain ýaşlar bileleşigi tarapyndan gurnalan SSSR simwolikalarynyň – nyşanlarynyň “jaýlanyşy”. 1990-njy ýylyň 30-njy sentýabry.

SSSR-den garaşsyzlyk talap edýän Ukrainanyň Halk hereketiniň ýörişi. 1990-njy ýylyň 30-njy sentýabry.

Gürjüstanyň Milli goşunynyň soldaty Tbilisidäki meýdançada, 1991-nji ýylyň 10-njy aprelinde, garaşsyzlyk yglan edilenden soň tans edýär.

Yslamçylar bilen ganly çaknyşykdan soň, Duşenbe şäherindäki Lenin meýdanynda protest ýörişi. 1990-njy ýylyň 15-nji fewraly.

Täjigistanyň graždanlary prezident saýlawlarynda ähli dalaşgärlere deň mümkinçilikleri üpjün etmek üçin, Mejlisiň başlygy Rahmon Nabiýewiň işinden çekilmegini talap edýärler. 1991-nji ýylyň 24-nji noýabry

1991-nji ýylyň awgust aýyndaky döwlet agdarylyşygy wagtynda, Moskwanyň Kalinin prospektindäki tanklar.

Moldowanyň Halk fronty tarapyndan gurnalan ýöriş. Kişinýow, 1989-njy ýylyň iýun aýy. Demonstrantlar respublikanyň syýasy we ykdysady garaşsyzlygyny talap edýärler, latyn elipbiýine esaslanýan Moldowanyň diliniň resmi ykrar edilmegini isleýärler.

Moldowa SSR-niň Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň garaşsyzlyk baradaky kararyny goldaýan miting. 1991-nji ýylyň 27-nji awgusty.

Bakuwyň ýaşaýjysy Azerbaýjanyň garaşsyzlygy yglan edilenden bir aý soň, 1991-nji ýylyň 21-nji sentýabrynda Leniniň portretini aýyrýar.

Dubossary şäherinde Pridnestrowýanyň bu sebitiň Moldowadan bölünmegine garşy çykýanlar bilen garşydaşlaryň arasyndaky çaknyşyk. 1991-nji ýylyň 1-nji oktýabry.

Litwanyň SSSR-den aýrylýandygy yglan edilenden soň, Sowet goşunlary tarapyndan Wilniusda telewideniýe merkeziň ele geçirilmegine garşy bir aýalyň aksiýasy. Moskwa, 1991-nji ýylyň 13-nji ýanwary.