Türkmen görnüşleri - 40-njy hepde
Aşgabat. Awtoulag ýuýwan ýigit. 2021.
Işçiler. Aşgabat, 2021.
Pandemiýa döwründe ýokanç keseleden ölenleriň sany belli däl, ýöne şäherlerde we obalarda ýas çäreleriniň köpelendigi aýdylýar. Aşgabat, 2021.
Tahýa geýmek, ýaşlaryň özara degişmelerde aýtmaklaryna görä, studentleriň okuwdan hem öňe geçen borjy boldy. Aşgabat, 2021.
Gyşyn-ýazyn köçe süpürýän aýallar Aşgabadyň esasy aýratynlyklarynyň biri bolup galýar. 2021.
Gurak gelen 2021-nji ýylda agyz suwy adamlara "ýakasyny has kän tanatdy". Aşgabat, 2021.
Gülgüne köýnekli, gülgüne ýaglykly we gülgüne maskaly zenan. Aşgabat, 2021.
Ak mermerli Aşgabadyň ak reňkli awtoulaglary.
Metbugatda şäher üçin täze-täze awtobuslaryň satyn alynýandygy aýdylýar, emma duralgalarda wagtynda gelmeýän ýolagçy awtobuslaryna garaşyp duran adamlar azalmaýar.
Aşgabatdaky "tiz azyk" nokatlarynyň biri.
Iş başyndaky polisiýa işgäri.Aşagabat. Sentýabr, 2021.