Türkmen görnüşleri - 3-nji hepde

Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasy, bezelen Aşgabatdaky agşam görnüşi. Dekabr, 2021.

Türkmenistanlylar, oba ilatynyň onlarça ýyllap garyp düşmegi bilen, awtoulag ulanmaga derek, kem-kemden eşek we eşegaraba ulanmak ýaly köne usullara dolanýana meňzeýär. Mary, dekabr, 2021.

Mary. Suw boýundaky binalar. Dekabr, 2021.

Ýagyşly, aram howa çagalaryň gowy görýän zady, bu hili günlerde olary öýde, dört diwara gabap saklamak kyn bolýar. Aşgabat, dekabr, 2021.

Paýtagt bazarynda adam kän däl, ýöne söwda dowam edýär. Aşgabat, dekabr, 2021.

Ýagyşly howa, seýilgähde hem maska dakynan aýal. Aşgabat, dekabr, 2021.

Ýaşaýyş jaýlarynyň öňünde ilate gök, bakja we miwe önümlerini satýan hususy dükançy. Aşgabat, dekabr, 2021.

Bankomatyň öňündäki nobat Aşgabatda hem durmuşyň bir bölegine öwrüldi. Sebitlerde pul nagtlaşdyrmagyň has-da kyndygy habar berilýär. Dekabr, 2021.

Çagalary bilen söwda merkezinden gelýän aýal. Aşgabat. Dekabr, 2021.

Aşgabat agşamy. Köçäniň gyrasynda duran ýigitleriň gürrüňi gyzana meňzeýär. Dekabr, 2021. 

Pullaryny nagtlaşdyrmak üçin nobata duran adamlar. Aşgabat, dekabr, 2021.

Ýaşaýyş jaýlarynyň öňündäki gök dükanyny alyjylary seýrek, ýöne bar. Aşgabat, dekabr, 2021.

Ilata köçeleri islän ýerlerinden kesip geçmek endiginden daşlaşdyrmak birbada 'kyn' boldy. Ýerasty ötükden geçip barýan maşgala. Aşgabat, dekabr, 2021.

Maşgala dabaralaryndan soň daşarda ýazylan haly düşekleri kakyp-silkip ýygnaýan aýallar. Aşgabat, dekabr, 2021.

Ýol ýakasynda säginip, hal-ahwal soraşýan zenanlar. Aşgabat, dekabr, 2021.