Döwlet işgärleri telefonlaryndaky jaň sesine Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdymlaryny goýmaly edilýär

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Etrap häkimiýetleri döwlet işgärlerinden telefonlaryndaky jaň sesine öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdymlaryny goýmagy talap edýär. Şeýle-de, döwletden aýlyk alýan býujet işgärleri öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň elektron kitaplaryny öz telefonlaryna indirmeli edilýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebap welaýatynyň Farap etrabyndan habar berdi.